Toýlara beslenýän Diýar

8 Dekabr 2021
913

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyz ajaýyp wakalara, dabaraly toýlara beslenýär. Ýakynda şanly Garaşsyzlygymyzyň toýuny toýlan ilimiz Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynyň baýramyny halkara derejesinde belläp geçer. Goşa ganatymyza öwrülen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň mähriban halkymyza beren bagtyýarlygynyň waspçysy bolan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň toýuny mynasyp garşylamaga taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzyň syýasy ulgamynyň aýrylmaz bölegi bolup, meýletinlik esasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň maksatlaryny hem wezipelerini ykrar edýän raýatlary birleşdirýän Türkmenistanyň Demokratik partiýasy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gülleýän eziz Diýarymyzyň beýik ösüşlerini, ýeten belent sepgitlerini yzygiderli wagyz-nesihat etmek bilen, döwletimiziň mundan beýläk-de pugtalanmagyna, umumadamzat gymmatlyklary esasynda ynsanperwer demokratik jemgyýetde adam hukuklarynyň hem-de mynasyp ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegine goşandyny goşýar.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň üstünlik bilen jemlenilýän günlerinde Bitaraplygymyzyň şanly toýuna bagyşlanylyp, etrap häkimliginiň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň we medeniýet bölüminiň bilelikde guran medeni çäresi hem munuň aýdyň mysalydyr. Biz partiýa agzalarymyz bolup Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatlaryny baş ýörelgämize öwrüp, mundan beýläk-de öz işlerimizi döwrebap alyp barmagy maksat edinýäris.