Nusgalyk ýörelgeler

8 Dekabr 2021
1021

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa ýugrulan daşary syýasaty Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýörelgelerine esaslanýar. Bitaraplyk syýasatyna ygrarly bolup, halkara giňişliginde uly abraýa eýe bolýan, energetika, ulag we kommunikasiýa, ekologiýa meseleleri boýunça özara bähbitli başlangyçlary öňe sürýän berkarar döwletimiziň mertebesi dünýäde barha ýokarlanýar. Hemişelik Bitaraplyk düşünjesi indi diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň aňyna hem ymykly ornaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bütin dünýäde Halkara Bitaraplyk güni bellenilýär. Şu günler halkymyz bu şanly senäni uly üstünlikler bilen dabaralandyrmak ugrunda joşgunly zähmet çekýär.

Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ata-babalarymyzyň nesillerine goýup giden gymmatly mirasydyr. Geçmişde pederlerimiziň ýüze çykan meseleleri parahatçylykly ýol bilen çözendigi bize mälimdir. Hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzdan bize miras galan bu ajaýyp häsiýetleri bütin dünýäde parahatçylygyň hatyrasyna ulanmak üçin BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden edýän çykyşlary her bir ynsanda hoşallyk duýgusyny oýarýar. Mähriban Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp kitabynda Şükür bagşynyň keşbiniň janlandyrylyşy, elbetde, islendik okyjyny biparh goýmaýar. Ýaragyň ýerine öz dutaryny saýlap, uly meseläni parahatçylyk ýoly bilen çözen Şükür bagşy parahatçylyk diýen düşünjäniň sungat bilen çözüp bolýandygyny ulus-iline subut edýär.

Didar BEGLIÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.