Ýüreklerde bir aýdym bar

8 Dekabr 2021
1095

Günleriň birinde garry ýa ýaşdygyňa, kimdigiňe, haýsy milletdendigiňe garamazdan, dünýäniň ähli adamlarynyň özüňe ýakynlygyny, mähribanlygyny duýarsyň. Şol pursat olaryň adaja öwüsgin bilen gelýän sedasyny eşidersiň. Gündogarda ýalbyran Kuýaşdan olaryň salamyny alyp, günbatarda ýaşyp barýan tyllaýy Günden salam ýollarsyň. Dürli dilde gepleýän, ynanç-ygtykady dürli-dürli, gara, mawy, ala, goňur... gözlerdäki mähri görersiň. Ana, şol mähir saňa dünýäniň dört künjegindäki milliardlap adamlaryň ýürek gürsüldisini eşitdirer. Ho-ol uzak Afrikadaky garaýagyzja, horajyk, okara gözleri balkyldap duran çagajygyň ýüreginiňem, alys günbataryň ösen şäher medeniýetli merkezleriniň «Ynha, şu günüň adamsy» diýdirýän adamlarynyň ýüreginiňem, asylly gyzlary, goç-goç ogullary kemala getirip, ýüzi gasyn atan aziýaly enäniň ýüreginiňem «parahatçylyk» diýip urýandygyny bilersiň.

Aslynda, parahatçylyk näme?

Kakajan ÇARYÝAROW.