Türkmen Bitaraplygynyň giň mümkinçilikleri

8 Dekabr 2021
1158

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara giňişlikde sebit, yklym, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça daşary syýasy başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmegi bolsa türkmen Bitaraplygynyň häzirki zaman şertlerindäki ähmiýetiniň örän uludygyny aýdyň görkezýär. Ýene-de sanlyja günden ýurdumyz bu şanly senäni dünýä bileleşigi bilen bilelikde baýram eder.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tamamlanyp barýan 2021-nji ýyly dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasynyň mazmunyny taýýarlady hem-de ol gurama agza döwletler tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Dünýä bileleşiginiň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelere ygrarlydygyny tassyklaýan bu Kararnamada parahatçylyga we ynanyşmaga halklaryň arasynda durnukly ösüşi, parahatçylygy, howpsuzlygy, adam hukuklaryny üpjün edýän gymmatlyk hökmünde garamaga çagyryş öz beýanyny tapdy. Tutuş ýylyň dowamynda anyk maksatlary göz öňünde tutýan dürli görnüşli çäreleriň guralmagy ady agzalan resminamada bellenen wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge mümkinçilik berdi. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde eden wideoýazgy çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerindäki çäreleri tamamlamak bilen, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty geçirmegiň meýilleşdirilendigini aýdyp, Milletler Bileleşigine agza döwletleridir halkara guramalary bu çärä işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Bu bolsa, öz gezeginde, parahatçylygy, raýdaşlygy we ylalaşygy berkarar etmek maksady bilen, parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek boýunça tagallalarda syýasy gepleşikleriň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, döwletleriň arasynda özara ynamy berkitmek babatda bilelikde pikir alyşmakda uly ähmiýete eýedir.

Baýramgül ORAZDURDYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory, hukuk ylymlarynyň kandidaty.