Dünýä uzaýan menziller

8 Dekabr 2021
1006

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýyl şan-şöhratly ata Watanymyzyň ösüşlerine bat beren, il-ýurt bähbitli, buýsançly wakalara beslenip tamamlanyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen merjen şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk senesi mynasybetli açylyp, ulanylmaga berlen binalardyr desgalar, toplumlar, dünýä derejeli ýollar, seýilgähler eziz Watanymyzyň syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly döwletdiginiň subutnamasyna öwrülip, köňüllerde buýsanç duýgusyny döretdi. Gazanylan üstünlikler, görlüp-eşidilmedik ösüşler agzybir halkymyzyň mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda rowaçlygyň röwşen menzillerine batly gadam urýandygynyň güwäsine öwrüldi. Bu nurana ýollarda goşa ganatymyz — mukaddes Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz ygtybarly daýanjymyzdyr.

Ählitaraplaýyn gülläp ösýän ýurdumyzyň nebitgaz senagaty hem milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Türkmenistan geosyýasy taýdan amatly ýerde ýerleşýändigi we uglewodorod serişdelerine örän baýdygy netijesinde sebitiň we tutuş dünýäniň ykdysady ösüşine hem kuwwatly itergi berýär, ynsanperwer ýörelgeleri ýöretmek bilen, parahatçylygy pugtalandyrýar. Müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa yklymynyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek taglymaty hormatly Prezidentimiziň öňde goýan maksatlarynyň biridir. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen gazynyň Günorta — Gündogar Aziýa ýurtlaryna uzak möhletleýin iberilmegini üpjün etjek TOPH-yň gurluşygy hem hemişelik Bitarap Watanymyzyň umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň möhüm bölegidir. Döwlet Baştutanymyz ady rowaýata öwrülen Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini, bu ýoluň täze görnüşiniň diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, sebitiň ähli döwletleriniň durmuş-ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak üçin şertleri üpjün etmäge gönükdirilendigini nygtaýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan «Açyk gapylar» we netijeli hyzmatdaşlyk syýasaty bilen dünýäniň ünsüni özüne çekýär.

Didarmuhammet NURMUHAMMEDOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.