"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Hoşniýetlilige beslenen menziller

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň üstünliklerine beslenen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda buýsançly başyny belent tutup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň millilige ýugrulan hoşniýetli syýasaty bilen halkara abraýyny täze belentliklere göterýär. Milli Liderimiziň alyp barýan ynsanperwer başlangyçlary, halkara ähmiýetli beýik işleri netijesinde diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl-de, eýsem, dünýäniň ähli künjeklerinde-de eziz Diýarymyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. BMG we beýleki iri halkara düzümleriň Türkmenistana hem-de hemişe parahatçylykly gatnaşyklaryň, asudalygyň we dost-doganlygyň tarapynda çykyş edýän milli Liderimize bolan hormat-sarpasy artýar.

Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Ertir Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmegine 30 ýyl dolýar. Taryhy nukdaýnazardan o diýen uly bolmadyk möhletde garaşsyz ösüş ýyllarynda parahatçylyk döredijilik babatda örän uly tejribe toplan Türkmenistan Merkezi Aziýada durnukly ösüşe, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar hem-de sebit we dünýä ähmiýetli döwrüň möhüm başlangyçlarynyň ençemesini öňe sürýär. Şol başlangyçlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden yzygiderli beýan edilýär. Dünýäniň iň iri we abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy ikinji jahan urşundan soň, dünýäde uruş howpunyň öňüni almagyň, adamzadyň röwşen geljeginiň, arzuw-maksatlarynyň amala aşmagynyň hatyrasyna döredildi. Esaslandyrylanda 50-den gowrak agzasy bolan, häzirki wagtda bolsa 193 döwleti özüne birleşdirýän bu guramanyň esasy maksady parahatçylygy, howpsuzlygy, abadançylygy, adam hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmek bilen birlikde, döwletler arasynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr.

Gül ülkäm Türkmenistan

«7/24.tm», № 07 (90), 14.02.2022. Şükür, toýdan ýetirip dur, saýrar dutar, gyjak-tar,

Kanunçykaryjylyk ulgamynda oňyn özgertmeler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda kabul edilýän kanunlaryň döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmegi we bu ugurda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagy, milli hem-de ählumumy bähbitlerden ugur alynmagy, olaryň halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga we durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny durmuşa geçirmek, aýratyn-da ýurdumyzda bolýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar bilen bagly hukuk gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen «Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Ol ýurdumyzdaky daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara gözegçilik edilmegini mundan beýläk-de gowulandyrmak bilen baglanyşykly migrasiýa gullugynyň işinde ýüze çykan käbir meseleleri düzgünleşdirýär.

Milli Liderimiziň köpugurly syýasaty täze neşirleriň sahypalarynda

Aşgabat, 21-nji ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary”, “Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy” hem-de “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti” atly syýasy kitaplaryň neşir edilmegi mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu kitaplarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilikli ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň saýlan netijeli daşary syýasat ugry aýdyň şöhlelendirilýär. Foruma ylym we bilim ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary hem-de mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahata Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem çagyryldy.

«Bitarap Türkmenistan» makalalar toplumy

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 BITARAPLYK – BAKY BAGTYM

Halkyň belent ynamy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda Berkarar döwletimizň bagtyýarlyk döwrünň her bir ýylyny döwrebap atlandyrmak halkymyzyň ajaýyp döwrümize we eziz Arkadagymyza bolan söýgi-buýsanjynyň nyşany bolup dabaralanýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşinň Mejlisinň Karary bilen 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy buýsanjymyza buýsanç goşdy. Badalga alan täze ýylymyzyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň her bir raýaty hakynda ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyza halkyň egsilmez ynamynyň, hormat-sarpasynyň aýdyň güwäsidir. Ata Watanymyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, döwletimizň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak üçin gije-gündiz alada edýän, ýurdumyzyň halkara derejedäki abraýyny has-da belende göterýän Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri barha rowaç alsyn! «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly Watanymyzy şan-şöhrata beslejek ýyllaryň biri bolsun!

Hoşniýetli ýörelgelere ygrarlylyk

Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny we çäkleriniň bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän ýörelgeleriň, maksatlardyr wezipeleriň döwlet derejesinde resmi taýdan kabul edilen ulgamy bolan Harby doktrinanyň binýatlyk ýörelgeleri hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden ugur alýar. Geçen çärýek asyrdan gowrak döwrüň içinde ýurdumyz sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmäge uly goşant goşdy, ýüze çykýan meseleleri parahatçylyk, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmek ugrunda çykyş edip, Bitaraplyk derejesiniň ýokary netijeliligini subut etdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Bitaraplyk syýasy, ykdysady, taryhy, medeni ugurlary öz içine alýan döredijilikli ýörelgedir. Ol ýurdumyzyň Harby doktrinasynda hem ösdürilip, parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy we demokratik ýörelgeleri dabaralandyrýar. Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permany bilen, Türkmenistanyň täze Harby doktrinasy tassyklandy. Bu maksatnamalaýyn resminama taýýarlananda, Gahryman Arkadagymyzyň: «Watan goragçysy hiç ýerde we hiç zada mätäç bolmaly däldir. Ol azyk bolçulygy, oňaýly harby lybaslar, ygtybarly hem-de oňat işleýän tehnikalar we ýaraglar bilen üpjün edilmelidir» diýen sargytlaryndan ugur alyndy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň KARARY

2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip yglan etmek hakynda Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň Garaşsyzlyk senenamasyna baky öçmejek altyn harplar bilen ýazylýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň ýokary ruhubelentlikde, uly buýsanç bilen dabaraly bellenilip geçilmegi öz milli Lideriniň töweregine has-da mäkäm jebisleşen türkmen halkynyň agzybirliginiň we yhlasly zähmetiniň netijesinde ýurdumyzyň gysga döwrüň içinde gazanan beýik ösüşlerini, ýeten belent sepgitlerini bütin dünýäde dabaralandyrdy.

Şatlykly göwünleriň joşguny

Şu günler mähriban halkymyz Täze — 2022-nji ýylyň şanly baýramçylygyny uly zähmet üstünliklerine besleýär. 2021-nji ýyl eziz Watanymyzyň durmuşynda hiç wagt ýatdan çykmajak taryhy wakalara, amal edilen beýik işlere baý boldy. Şunda halkymyzyň Täze ýylyň şygaryny “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrmak baradaky öňe süren teklibiniň tassyklanylandygy hakyndaky habar aýratyn guwandyryjy wakalaryň biri boldy. Elbetde, munuň özi bagtyýar eýýamy esaslandyran, Watanymyzy täze üstünliklere tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyza halkymyzyň goýýan belent hormatyndan nyşandyr. Täze ýylyň baş şygarynyň mazmunynda türkmenistanlylaryň «Arkadagymyz» diýip ýüzlenýän milli Liderine uly buýsanç, söýgi we hormat duýgulary hem-de Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ertirki bagtyýar gününe pugta ynamy beýan edilendir. Bular babatda öňňin ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Halkyň Arkadagly zamanasy — agzybirligiň, jebisligiň, döwletliligiň, adalatyň we ösüşiň dabaralanmasy” atly maslahatda hem giňişleýin gürrüň edildi. Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen, şu günler Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde «Sahawatly söwda» çäresiniň geçirilmegi, harytlaryň 10 göterimden 50 göterime çenli arzanladylmagy, 31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda şäher awtobuslarynyň raýatlarymyza mugt hyzmat etmeginiň guralmagy ildeşlerimiz üçin ajaýyp toý sowgady boldy.

Hormatly Prezidentimiziň baky Bitaraplygymyz hakynda aýdanlaryndan:

— Baky Bitaraplygymyzyň halkara derejede ykrar edilmeginiň aýratynlygy BMG-niň tejribesinde onuň ilkinji gezek ýörite Kararnama hökmünde Baş Assambleýanyň biragyzdan kabul eden çözgüdiniň giň goldawa eýe bolmagyndan we berkidilmeginden ybaratdyr. — Biziň Bitaraplygymyzyň halkara derejede ykrar edilmegi bir pursatlaýyn waka däldir. Baş Assambleýanyň Kararnamany kabul etmegi dürli görnüşdäki ägirt uly we tutanýerli syýasy-diplomatik işlere, köp sanly gepleşikleriň geçirilmegine badalga berdi.

Bitaraplyk — parahatçylygyň şuglasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:  — Parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, gatnaşyklara açyklyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýadyna — hemişelik Bitaraplygyna sazlaşykly mahsusdyr.

Parahatçylygyň we ösüşiň ýurdy

Milli Liderimiz ata-babalarymyzyň wesýet eden dostluk, ynsanperwerlik ýörelgelerini we «Açyk gapylar» syýasatyny ýöredip, eziz Watanymyzy gülledip ösdürmek bilen birlikde halklaryň abadançylygyny gorap saklamakda we dünýäniň ählumumy howpsuzlygyny üpjün etmekde ilkibaşdan ösüş arkaly parahatçylyk ýoluny saýlap aldy. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän asylly başlangyçlary dünýäniň halklarynyň abadan ýaşamaklaryna, içeri we daşary syýasatyň ösmegine oňaýly täsir edýär. Munuň şeýledigine Bitarap Türkmenistanyň ýylyň-ýylyna ykdysadyýetde, ylym-bilim ulgamynda, medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklarda gerimini giňeldýän halkara hyzmatdaşlygynyň mysalynda hem anyk göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzyň üstünlikli ýöredýän daşary syýasaty parahatçylygyň we ösüşiň guraly hökmünde sebitdäki gatnaşyklaryň ynsanperwerleşmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Pederlerimiz elmydama goňşy halklar bilen agzybir, oňşukly, parahat ýaşamagy ündäpdirler. Olar beýleki halklaryň medeniýetini, sungatyny we däp-dessurlaryny hormatlapdyrlar. Bu ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmekde we pugtalandyrmakda häzirki döwrüň halkara gatnaşyklary ulgamynda özüniň mynasyp we täsirli ornuny barha berkidýän Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy esasynda parahatçylygyň we durnukly ösüşiň täze ýeňişli ösüşlerini nazarlap, ynamly öňe barýar. Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ynsanperwer syýasat ýurdumyzda

Bitaraplyk binýady

Dost-doganlyk ýoly dünýäde belli,Eziz ýurdum — Bitaraplyk binýady.Berkarar döwletli, bagtyýar illi,Eziz Watan — parahatlyk binýady. Göwni ýaly açyk dosta saçagy,Bagtyň mekanydyr nurly gujagy.Garaşsyz, Bitarap, ýurduň ajaby,Eziz Watan — parahatlyk binýady.

YHG-nyň Aşgabat Sammiti

netijeli hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan daşary syýasaty halkara gatnaşyklaryny işjeň ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şol gatnaşyklar bolsa, sebitde, dünýäde abadançylygyň, rowaçlygyň gazanylmagyna hem-de üpjün edilmegine gönükdirilen ählumumy tagallalaryň aýdyň maksatlaryna doly laýyk gelýär.

Parahat durmuşdyr hemmäň geregi

Üç müňünji ýyllygyň başynda dünýäniň adamzat jemgyýeti ylmy-tehnologiýa taýdan uly ösüşleriň eýesi hökmünde ylma-bilime çuň aralaşyp, daş-töweregimizi gurşap alýan tebigatyň, ekologiýanyň, tutuş älemiň syrlaryny öwrenýär. Zerur halatynda ynsan aňynyň önümi bolan ylmy-tehnologiýanyň gazananlary esasynda tebigy hadysalaryň öňüni almaga çenli bolan mümkinçiliklerden peýdalanýar. Şeýlelikde, tebigata adam tarapyndan ýetirilýän täsirler artýar. Aslynda, islendik döwürde-de döredilýän her bir zadyň ilki bilen, tebigata hem-de adamzat jemgyýetine oňyn täsiri öwrenilip, diňe şondan soň durmuşa ornaşdyrmak baradaky maksatnamalar öňe sürlüpdir. Emma tebigaty boýunça adam öz bähbidini iň möhüm durmuş zerurlyklarynyň hatarynda goýýar, şonuň üçin hem adam tarapyndan tebigata kem-käsleýin ýetirilýän käbir täsirlere, olaryň getirip biljek has uly peýdasy göz öňünde tutulyp, kä halatlarda olara ownuk meseleler hökmünde garalýan wagtlary hem bolýar. Mysal üçin, zawod-fabriklerden çykýan tüsseleriň belli bir mukdarda howanyň hapalanmagyna ýa-da atmosferadaky kislorodyň düzümine amatsyz täsir etmegine garamazdan, käbir iri önümçilik desgalarynyň işini togtatmak mümkin däl. Çünki olarda öndürilýän senagat önümleri ilatyň gündelik durmuşy üçin zerur hasaplanylýar. Şoňa görä-de, häzirki döwürde dünýäniň köp döwletlerinde ýangyç-energetika, himiýa, gurluşyk senagatlaryna degişli bolan önümçili

Bi­ta­rap­ly­gyň yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir. Häzirki wagtda bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik, dostluk — bularyň ählisi Bitaraplyk derejesine eýe bolan Garaşsyz döwletiň Baştutany hökmünde çykyş edýän türkmen Lideriniň öňe süren taglymatynda öz beýanyny tapdy. Türkmen Bitaraplygynyň taryhy kökleri asyrlaryň jümmüşine aralaşyp, ol ähli döwürlerde-de türkmen halkynyň dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny saklandygyna şaýatlyk edýär. Taryhda gadymy Merw, Sarahs, Köneürgenç, Dehistan, Parfiýa we beýlekiler hakynda ylmy-taryhy maglumatlara esaslanmak bilen, hoşniýetli gatnaşyklar barada örän gymmatly maglumatlara gabat gelmek bolýar. Gadymdan saklanyp galan ruhy-medeni gymmatlyklarymyzda munuň aýdyň subutnamalary az däl. Türkmen halky Oguz han zamanyndan başlap beýleki halklar bilen asudalykda, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň tarapdary bolupdyr. Müňýyllyklaryň taryhy tejribesi türkmenlere hoşniýetli gatnaşyklary saklamagy öwretdi.

Umumadamzat gymmatlygy

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy boýunça Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen dünýäde ilkinji we ýeke-täk döwletdir. Hormatly Prezidentimiz «Bitarap Türkmenistan» atly eserinde: «Iki mukaddeslik bolan Garaşsyzlyk we Bitaraplyk türkmen halkynyň pähimlilik, çuň manylylyk, maksada okgunlylyk, sabyrlylyk, baş ugry saýlap almak, başlan işiňi ahyryna çenli alyp gitmek ýaly başga-da köp milli aýratynlyklaryny özünde jemleýär» diýip belleýär. Hakykat ýüzünde Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasat ugurlarynda gazanýan belent derejeleri, ýetýän sepgitleri, mähriban Arkadagymyzyň bu parasatly jümlelerinde beýan edilişi ýaly, bir-birinden gelip çykýan we üstüni ýetirýän beýikliklerdir. Gahryman Arkadagymyz şu ýylda okyjylar köpçüligine sowgat beren «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly ajaýyp eserinde 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Özygtyýarly döwlet derejesine eýe bolandygy bilen taryhy pursatlara ünsi çekýär. Döwlet Özygtyýarlylygy Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolan Garaşsyz döwlet hökmünde özüni jar etmeginde, bu derejäni dünýä ýurtlarynyň we abraýly halkara guramalarynyň ykrar etmeginde binýat goýujy möhüm syýasy waka boldy. Şondan bir ýyl soň — 1991-nji ýylyň güýzünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygy jar edilip, eýýäm 1992-nji ýylyň 2-nji martynda ol Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy boldy. Şondan bary-ýo

Parahatçylykly ösüşiň möhüm guraly

Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan şanly taryhy we asyrlaryň dowamynda toplan baý medeni mirasy bilen şertlendirilýär. Iňňän gadymy medeniýete eýe bolan Türkmenistan elmydama dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine ägirt uly goşant goşup geldi. Biziň Watanymyz BMG tarapyndan dünýäde ilkinji ykrar edilen Bitarap döwletdir. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasyny resmi taýdan öz Baş Kanunynyň birinji maddasyna girizip, konstitusion taýdan kanunlaşdyran ýeke-täk ýurtdur. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde bu halkara gurama agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi möhüm taryhy ähmiýete eýedir. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilmegi, 47 ýurduň bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi ýurdumyzyň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek işine saldamly goşandynyň ählumumy ykrarnamasynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Türkmenistanyň hem-de BMG-niň hyzmatdaşlygy özara gatnaşyklaryň baý we örän netijeli tejribesine daýanylyp, ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki w

He­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz batly depginler bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň, halkyň bähbidi üçin amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleriniň, ösen döwletler bilen durmuş-ykdysady taýdan uzak möhletli gatnaşyklara, hyzmatdaşlyga gönükdirilen taslamalarynyň esasynda türkmen halkynyň, Diýarymyzyň dünýä ýüzünde at-abraýy arşa galýar. Netijede, ýurdumyzyň ynsanperwerlige ýugrulan içeri hem daşary syýasaty ähli halklaryň abadan, parahat ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyz dünýäde we sebitde howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýän ýurt hökmünde dünýä döwletleriniň arasynda öz abraýyny artdyrýar. Ýurdumyzda häzirki döwürde öňe sürülýän syýasy başlangyçlardan ugur alnyp, diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, dünýä ähmiýetli işlere gönükdirilen gatnaşyklar ýola goýulýar. Şeýle gatnaşyklar halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukukly hyzmatdaşlyga, birek-birege hormat goýmaga, hoşniýetli goňşuçylyga, dostlukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerýär. Döwrebap halkara gatnaşyklarynyň alnyp barlyşynda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly