Milli Liderimiziň köpugurly syýasaty täze neşirleriň sahypalarynda

22 Ýanwar 2022
2550

Aşgabat, 21-nji ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary”, “Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy” hem-de “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti” atly syýasy kitaplaryň neşir edilmegi mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu kitaplarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilikli ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň saýlan netijeli daşary syýasat ugry aýdyň şöhlelendirilýär.

Foruma ylym we bilim ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary hem-de mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahata Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem çagyryldy.

Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.