Şatlykly göwünleriň joşguny

29 Dekabr 2021
2516

Şu günler mähriban halkymyz Täze — 2022-nji ýylyň şanly baýramçylygyny uly zähmet üstünliklerine besleýär. 2021-nji ýyl eziz Watanymyzyň durmuşynda hiç wagt ýatdan çykmajak taryhy wakalara, amal edilen beýik işlere baý boldy. Şunda halkymyzyň Täze ýylyň şygaryny “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrmak baradaky öňe süren teklibiniň tassyklanylandygy hakyndaky habar aýratyn guwandyryjy wakalaryň biri boldy. Elbetde, munuň özi bagtyýar eýýamy esaslandyran, Watanymyzy täze üstünliklere tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyza halkymyzyň goýýan belent hormatyndan nyşandyr. Täze ýylyň baş şygarynyň mazmunynda türkmenistanlylaryň «Arkadagymyz» diýip ýüzlenýän milli Liderine uly buýsanç, söýgi we hormat duýgulary hem-de Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ertirki bagtyýar gününe pugta ynamy beýan edilendir.

Bular babatda öňňin ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Halkyň Arkadagly zamanasy — agzybirligiň, jebisligiň, döwletliligiň, adalatyň we ösüşiň dabaralanmasy” atly maslahatda hem giňişleýin gürrüň edildi. Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen, şu günler Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde «Sahawatly söwda» çäresiniň geçirilmegi, harytlaryň 10 göterimden 50 göterime çenli arzanladylmagy, 31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda şäher awtobuslarynyň raýatlarymyza mugt hyzmat etmeginiň guralmagy ildeşlerimiz üçin ajaýyp toý sowgady boldy.

Oguljahan GURBANOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.