Hoşniýetlilige beslenen menziller

9 Mart 2022
2091

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň üstünliklerine beslenen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda buýsançly başyny belent tutup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň millilige ýugrulan hoşniýetli syýasaty bilen halkara abraýyny täze belentliklere göterýär.

Milli Liderimiziň alyp barýan ynsanperwer başlangyçlary, halkara ähmiýetli beýik işleri netijesinde diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl-de, eýsem, dünýäniň ähli künjeklerinde-de eziz Diýarymyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. BMG we beýleki iri halkara düzümleriň Türkmenistana hem-de hemişe parahatçylykly gatnaşyklaryň, asudalygyň we dost-doganlygyň tarapynda çykyş edýän milli Liderimize bolan hormat-sarpasy artýar.

Resul Işanow,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.