He­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry

26 Dekabr 2021
2186

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz batly depginler bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň, halkyň bähbidi üçin amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleriniň, ösen döwletler bilen durmuş-ykdysady taýdan uzak möhletli gatnaşyklara, hyzmatdaşlyga gönükdirilen taslamalarynyň esasynda türkmen halkynyň, Diýarymyzyň dünýä ýüzünde at-abraýy arşa galýar. Netijede, ýurdumyzyň ynsanperwerlige ýugrulan içeri hem daşary syýasaty ähli halklaryň abadan, parahat ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyz dünýäde we sebitde howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýän ýurt hökmünde dünýä döwletleriniň arasynda öz abraýyny artdyrýar.

Ýurdumyzda häzirki döwürde öňe sürülýän syýasy başlangyçlardan ugur alnyp, diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, dünýä ähmiýetli işlere gönükdirilen gatnaşyklar ýola goýulýar. Şeýle gatnaşyklar halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukukly hyzmatdaşlyga, birek-birege hormat goýmaga, hoşniýetli goňşuçylyga, dostlukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerýär. Döwrebap halkara gatnaşyklarynyň alnyp barlyşynda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary esasy orunlarda durýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Ösüş Maksatnamasy, ÝUNESKO, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Neşelere we jenaýatçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygy uly ösüşlere, täze many-mazmuna eýe bolýar we bu babatda alnyp barylýan işler Türkmenistan bilen BMG-niň özara işjeň gatnaşyklarynyň oňyn görkezijilerine öwrülýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletara gatnaşyklarynyň täze ugurlarynyň açylmagyna amatly şertleri döredýär.

Mähri BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleler baradaky komitetiniň başlygy.