Umumadamzat gymmatlygy

26 Dekabr 2021
2250

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy boýunça Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen dünýäde ilkinji we ýeke-täk döwletdir. Hormatly Prezidentimiz «Bitarap Türkmenistan» atly eserinde: «Iki mukaddeslik bolan Garaşsyzlyk we Bitaraplyk türkmen halkynyň pähimlilik, çuň manylylyk, maksada okgunlylyk, sabyrlylyk, baş ugry saýlap almak, başlan işiňi ahyryna çenli alyp gitmek ýaly başga-da köp milli aýratynlyklaryny özünde jemleýär» diýip belleýär. Hakykat ýüzünde Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasat ugurlarynda gazanýan belent derejeleri, ýetýän sepgitleri, mähriban Arkadagymyzyň bu parasatly jümlelerinde beýan edilişi ýaly, bir-birinden gelip çykýan we üstüni ýetirýän beýikliklerdir.

Gahryman Arkadagymyz şu ýylda okyjylar köpçüligine sowgat beren «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly ajaýyp eserinde 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Özygtyýarly döwlet derejesine eýe bolandygy bilen taryhy pursatlara ünsi çekýär. Döwlet Özygtyýarlylygy Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolan Garaşsyz döwlet hökmünde özüni jar etmeginde, bu derejäni dünýä ýurtlarynyň we abraýly halkara guramalarynyň ykrar etmeginde binýat goýujy möhüm syýasy waka boldy. Şondan bir ýyl soň — 1991-nji ýylyň güýzünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygy jar edilip, eýýäm 1992-nji ýylyň 2-nji martynda ol Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy boldy. Şondan bary-ýogy üç ýyl geçensoň — 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýasy bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy yglan edildi.

Myrat NURMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.