Parahatçylykly ösüşiň möhüm guraly

26 Dekabr 2021
2263

Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan şanly taryhy we asyrlaryň dowamynda toplan baý medeni mirasy bilen şertlendirilýär. Iňňän gadymy medeniýete eýe bolan Türkmenistan elmydama dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine ägirt uly goşant goşup geldi. Biziň Watanymyz BMG tarapyndan dünýäde ilkinji ykrar edilen Bitarap döwletdir. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasyny resmi taýdan öz Baş Kanunynyň birinji maddasyna girizip, konstitusion taýdan kanunlaşdyran ýeke-täk ýurtdur. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde bu halkara gurama agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi möhüm taryhy ähmiýete eýedir. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilmegi, 47 ýurduň bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi ýurdumyzyň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek işine saldamly goşandynyň ählumumy ykrarnamasynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Türkmenistanyň hem-de BMG-niň hyzmatdaşlygy özara gatnaşyklaryň baý we örän netijeli tejribesine daýanylyp, ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistanyň BMG-niň esasy komitetiniň birnäçesiniň agzasy bolup durýandygyny bellemelidiris. Munuň özi ýurdumyzyň gazanan üstünlikleriniň, toplan oňyn tejribesiniň ählumumy ykrar edilmeginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmakdaky bu tejribesi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýar.

Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.