Kanunçykaryjylyk ulgamynda oňyn özgertmeler

25 Ýanwar 2022
2463

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda kabul edilýän kanunlaryň döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmegi we bu ugurda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagy, milli hem-de ählumumy bähbitlerden ugur alynmagy, olaryň halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga we durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny durmuşa geçirmek, aýratyn-da ýurdumyzda bolýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar bilen bagly hukuk gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen «Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Ol ýurdumyzdaky daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara gözegçilik edilmegini mundan beýläk-de gowulandyrmak bilen baglanyşykly migrasiýa gullugynyň işinde ýüze çykan käbir meseleleri düzgünleşdirýär.

Gülnar REJEPOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitetiniň agzasy.