Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

1 Mart 2022
2085

Ertir Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmegine 30 ýyl dolýar. Taryhy nukdaýnazardan o diýen uly bolmadyk möhletde garaşsyz ösüş ýyllarynda parahatçylyk döredijilik babatda örän uly tejribe toplan Türkmenistan Merkezi Aziýada durnukly ösüşe, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar hem-de sebit we dünýä ähmiýetli döwrüň möhüm başlangyçlarynyň ençemesini öňe sürýär. Şol başlangyçlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden yzygiderli beýan edilýär.

Dünýäniň iň iri we abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy ikinji jahan urşundan soň, dünýäde uruş howpunyň öňüni almagyň, adamzadyň röwşen geljeginiň, arzuw-maksatlarynyň amala aşmagynyň hatyrasyna döredildi. Esaslandyrylanda 50-den gowrak agzasy bolan, häzirki wagtda bolsa 193 döwleti özüne birleşdirýän bu guramanyň esasy maksady parahatçylygy, howpsuzlygy, abadançylygy, adam hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmek bilen birlikde, döwletler arasynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr.

Oraznazar HEŞDEKOW,
«Nebit-gaz».