"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Dermanlyk ösümliginiň ekstrakty

Ýurdumyzyň çäginde ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýete eýe bolan görnüşleri alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplarynda giňişleýin beýan edilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň melhemlik häsiýetlerini öwrenmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Dermanlyk ösümligi bolan ýandak otundan (esasan, ýapragyndan, baldagyndan, şahajyklaryndan) taýýarlanýan jöwher we ýandak peti halk lukmançylygynda birnäçe kesellerde: aşgazan-içege, öthalta, dalak, bagyr, böwrek, ýürek-damar kesellerinde peýdalanylypdyr.

Mynasyp goşant goşýarlar

Lebap welaýatynyň «Miwe» oba hojalyk senagat birleşigi ilaty oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmäge mynasyp goşant goşýar. Şu ýylyň degişli görkezijileri boýunça «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginde şertnama esasynda bakjaçy-kärendeçilerden sowadyjy ammarlara 6806 tonna gök we bakja önümleri kabul edildi. Ammara gelen oba hojalyk önümleri ýurdumyzyň ak bazarlaryna ugradylýar. Ammarda saklanylýan gök-bakja ekinleri, miweler degişli saklanyş we sowadyş görkezijileri esasynda saklanylýar. Oba hojalyk senagat birleşigine degişli bolan gök-miwe önümlerini gaplaýjy bölümlerde ýylyň başyndan bäri 1454 müň şertli banka gaplanyldy. Gazanylýan zähmet ýeňişleri «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginiň işgärleriniň yhlasynyň miwesidir. Oba hojalyk senagat birleşiginiň agzybir işgärleri halal zähmet çekmäge, döredijilikli işlemäde giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýdýarlar.

Düme gawun

Ata-babalarymyz durmuşda ene ýerden bol hasyl öndürmek üçin tagalla baryny edipdirler. Bu iş suw-sölüň gyt ýerinde düme ekinleri ýetişdirmek işinde has hem aýdyň ýüze çykypdyr. Düme ekinleriň ekilýän ýeri oturymly ýaşaýyş ýerden has uzakda — ak sähralaryň suwsuz, oýtagrak ýerinde bolupdyr. Ol ýere halk dilinde «oýtak» diýlipdir.

Sürüjiler bugdaý hasylyny tiz we yrýasyz ýygnalmagyna goşant goşýarlar

Gallaçy kärendeçileriň azap siňdirip ýetişdiren bereketli bugdaý hasylyny tiz we yrýasyz ýygnap, galla kabul ediş nokatlaryna daşamakda «Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň öz kärine ussat sürüjileri gaýratly zähmet çekýärler.  Häzir bu birleşigiň 200 töweregi ýük göterijiligi ýokary bolan kuwwatly awtoulagy galla oragynda gurat hem bökdençsiz işledilýär. Munuň üçin tehniki hyzmatlar oragyň gidýän ýerlerinde iş üstünde guralýar. Bu bolsa däne orýan kombaýnlaryň ýygnan hasylyny çalt we ýitgisiz daşamaga ýardam edýär.

Bol hasyl almak ugrunda

Babadaýhan etrabynyň pagtaçy kärendeçileri şu günler gowaça ekilen meýdanlara daýhan yhlasy, başarnygy bilen gurşap alýarlar. Häzirki wagtda etrabyň ekin meýdanlarynda gowaçalara ideg işleri alnyp barylýar. Ideg işleriniň hatarynda gowaçalary haşal otlardan arassalamak, suw tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de hatarara bejergi geçirmek işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Etrabyň pagtaçylarynyň häzirki alyp barýan tutanýerli zähmetleri olaryň yhlaslarynyň ýerine düşjekdigine ynamy berkidýär.

Yhlasly myrada ýeter

Diýarymyzyň telekeçileri milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge aýratyn goşant goşýarlar. Şolaryň hatarynda balkanly işewürleriň netijeli zähmeti hem bellenilmäge mynasyp. Soňky ýyllarda günbatar welaýatda hususy kärhanalar tarapyndan häzirki zaman ülňülerine doly laýyk gelýän orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň, medeni, sport maksatly desgalaryň, senagat harytlaryny öndürýän kärhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesi açylyp ulanmaga berildi. Ýerli telekeçilerimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, sebitiň etrap merkezleridir şäherlerinde, obadyr şäherçelerinde gurulýan ymaratlaryň, dürli maksatly desgalaryň, awtomobil ýollarynyň gurluşyklaryny amala aşyrmakda-da ussatlyklaryny görkezýärler. Iri gurluşyklaryň hatarynda söwda-senagat merkezi, bekre balygyny we onuň işbilini ýetişdirýän hem-de balygy gaýtadan işleýän döwrebap kärhana-da bar. Sebitde ýokary hilli, ekologik taýdan arassa azyk önümlerini öndürmek, pagtany, bugdaýy, ir-iýmişleri, gök we bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmek, olary gaýtadan işlemek bilen meşgullanýan telekeçiler hem az däl.

Bagbanlar bäsleşdiler

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň bagbanlarynyň arasynda yglan edilen «Ussat bagban» atly hünär bäsleşigiň welaýat tapgyry jemlendi. Oňa sebitiň dürli ýerlerinden ussat bagbanlar gatnaşdy. Bäsleşigiň esasy maksady täze taryhy döwrümizde bagbanlaryň işlerinde döredijilik ukyplaryny goldamakdan, ýokary öndürijilikli zähmete höweslerini ýokarlandyrmakdan, ussat bagbanlary ýüze çykarmakdan we iş tejribelerini öwrenmekden, şeýle-de eziz Diýarymyzda tebigaty goramak babatynda alnyp barylýan syýasaty wagyz etmekden ybarat boldy. Şoňa görä-de, asylly maksada eýeren bäsleşikde miweli, saýaly we bezeg baglarynyň dürli görnüşlerini ýetişdirmek arkaly ýurdumyzyň bagy-bossanlyga bürenmegine, azyk bolçulygynyň pugtalanmagyna goşant goşýan ussat bagbanlar hünär babatdaky ukyp-başarnygyny degişli şertleriň üsti bilen açyp görkezdiler, sowalnamalara degerli jogap berdiler. Kärinden kemal tapan bagbanlaryň alyp barýan işleriniň aýratynlygyny beýan edýän wideoşekillerdir fotosuratlar hem emin agzalaryna ýeňijileri adalatly kesgitlemäge goşmaça şert döretdi.

Ekinler ygtybarly goralýar

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Şabat etrabynda 18,5 müň gektar meýdana gowaça ekilip oňat gögeriş alyndy hem-de häzirki günlerde oňa ideg etmek çäreleri güýçli depginlerde alnyp barylýar. Şunda gowaçalary zyýan  beriji mör-möjeklerden biologik usulda goramaklyga hem aýratyn üns berilýändigini bellemek gerek. Häzirki wagtda etrabyň çäginde bu ugurda biokärhanalaryň 16 sanysy iş alyp barýar. Olaryň güýji bilen altyngözlüjäniň, trihogrammanyň, gabrobrakonyň ýeterlik möçberi öndürilýär hem-de öz wagtynda atyz-meýdanlara goýberilýär. Şu mahala çenli 16151 gektara altyngözlije, 15558 gektara trihogramma, 2607 gektara hem gabrobrakon ýaýradylyp, ekinleri goramak babatda düýpli iş geçirildi. Bu ugurdaky işler etrabyň Biruni adyndaky, «Bossan», «Nowbahar» daýhan birleşiklerinde has-da oňat alnyp barylýar.

Sürüm işleri guramaçylykly barýar

Ak bugdaý etrabynda galladan boşan ýerlerde sürüm işini geçirmek we topragy geljek ýylyň hasyly üçin däne ekişine taýýarlamak işine jogapkärli çemeleşilýär. Häzirki günler bu işler üns merkezinde bolup, meýilnama esasynda alnyp barylýar. Şonda sürüm geçiriji tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegini gazanmakda aýratyn tagallalar edilýär. Sürümde etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň, daýhan birleşiklerdir daýhan hojalyklarynyň kämil tehnikalarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Mehanizatorlar tehnikalaryna ussatlyk bilen erk edip, bu işe saldamly goşant goşýarlar. Şol bir wagtyň özünde etrapda güýzlük däne ekişinde ekiljek tohumlaryň taýýarlygyna uly ähmiýet berilýär. Häzirki işler ekiş möwsümine ýokary derejedäki taýýarlyklar bilen barmaga şert döredýär.

Gowaçalar kadaly boý alýar

Işine yhlasly kärendeçiler diňe bir ýetişdirýän bol hasyly, ýokary zähmet görkezijileri bilen däl, eýsem, ekinlere edýän idegi, kärende ýeriniň arassalygy bilen hem tapawutlanýarlar. Çärjew etrabynyň «Miras» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Şirin Jumaýewanyň kärende ýerinde hem ýekeje düýp haşal ot görmersiň. Ol, haçan görseň, gowaça meýdanynda bir işe güýmenip ýörendir. Wagt tapdygy, atyzynyň gyralaryny timarlaýar, ösüp oturan baglary pudaýar, täze daragt nahallaryny oturdýar. Şuňa görä oňa berkidilen atyz daş-töweregi bilen has-da göze gelüwli görünýär. Gös-göni hatarlary dolduryp duran gowaçalaryň boýlary hem des-deň. Bu bolsa kärendeçiniň atyzyň ähli ýerine deň garaşyk edýändiginiň alamaty. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, şeýle netijäni gazanmak üçin agrotehnikanyň kadalaryny doly we dogry berjaý etmeli. Bu bolsa biri-biri bilen baglanyşykly işleriň uly toplumyny öz içine alýar. Şirin muňa gowy düşünýär. Onuň aýtmagyna görä, soňky ýylyň hasylynyň aladasyny öňki hasyl ýygnalandan soň edip başlamaly.

Çogly güneşiň astynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, netijeli halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny durmuşa geçirýär we häzirki döwrüň ileri tutulýan meselelerini çözmek bilen, ikitaraplaýyn görnüşde, köptaraplaýyn mehanizmleriň çäklerinde ýakyn gatnaşyklary ösdürýär. Arkadagly Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde alnyp barylýan işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmeginde ähmiýetlidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, obasenagat toplumynyň öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagy we bar bolan serişdeleriň rejeli peýdalanylmagy tutuş dünýäde möhüm wezipe bolup durýar. Ýurdumyzda oba hojalygynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär, ony innowasion çözgütler we pikirler üçin açyk bolan, ýokary tehnologik pudaga öwürmäge gönükdirilen giň möçberli işler amala aşyrylýar. Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny ornaşdyrmak, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak maksady bilen, alymlarymyz we hünärmenlerimiz tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.

Önüm bolçulygyna mynasyp goşant

Etrabymyzyň janypkeş ýer eýeleri azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek işinde ýylyň-ýylyna ýokary netijeleri gazanýarlar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem olaryň maksatlary aýdyň. Daýhanlar hormatly Prezidentimiziň zähmet adamlary hakynda edýän taýsyz tagallalaryna päk zähmetleri bilen jogap berýärler. Olar häzirki günlerde aralyk ekinleri ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar. Daýhan baýasa, ýurt baýaýar, ilatyň ýaşaýşy eşrete beslenýär. Bu hakykatdan ugur alnyp, ýer eýeleriniň erkana zähmet çekmekleri üçin giň mümkinçilikler, amatly şertler döredilýär. Bol girdejiniň eýeleri bolmagy, azyk bolçulygyny döretmegi maksat edinýän gaýratly daýhanlarymyz zähmet çekip armaýarlar. Olar tarapyndan şu möwsümde etrabymyz boýunça 3140 gektara şaly, 250 gektara ýeralma, 150 gektara sogan, 108 gektara sarymsak, 140 gektara pomidor, 260 gektara käşir, 1465 gektara mäş, 540 gektara mekgejöwen we beýleki ekinler ekildi. Altyn güýzde ekin meýdanlaryny berekede beslemek ugrunda arman-ýadaman işleýän ýer eýelerine döwletimiz tarapyndan giň goldaw berilýär. Şonuň netijesinde ekinler ytygsaman ösýär we bol hasyl toplaýar.

Mynasyp goşant goşýarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalygynyň ähli pudaklary bilen bir hatarda pagtaçylyk pudagynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Çünki, ýurdumyz «ak altynyň» mekany hasaplanýar. Bereketli pagta hasylyny kemala getirmek üçin ekiş döwründen tä ýygym möwsümine çenli ideg işlerini birkemsiz ýerine ýetirmeli. Ýagny, otag, ýekeleme, hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, iýmitlendiriş işlerini wagtynda ýerine ýetirmeli. Mundan başga hem gowaçany zyýankeşlerden goramaly bolýar. Munuň üçin welaýatymyzyň gowaça meýdanlarynda keselleriň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin biokärhanalar degerli işleri alyp barýarlar. Gabrobrakonlary öndürmekde Türkmengala etrap «Dökünhimiýa» bazasynyň biofabrikasynyň işgärleri tutanýerli zähmet çekýärler.

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Işler guramaçylykly barýar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda ähli ulgamlar babatynda uly ösüşlere ýetilýär. Şunuň bilen birlikde oba hojalygynda gazanylýan sepgitler hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Tohum, dökün, suw, himiki serişdeler, kuwwatly tehnikalar — bular daýhanlaryň toprakdan bol we ýokary hilli hasyl almagynda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Oba zähmetkeşleriniň yhlasly zähmeti netijesinde oba hojalyk önümleriniň öndürilişi artdyrylyp, azyk bolçulygy döredilýär. Saçaklarymyz dürli ir-iýmişler, naz-nygmatlar bilen bezelýär.

Daýhandan hereket — ýerden bereket

Tomus döwri toprak bilen iş salyşýan adamlaryň iş-aladalarynyň köpelýän, nakylda aýdylyşy ýaly, «depesiniň gaýnaýan» wagty hasap edilýär. Şu günlerde ekinleriň bir böleginiň miweleri ýygnalyp, beýlekileriniň hasylyna hasyl goşulmagy üçin der dökülýär. Bu zatlaryň daýhanlaryň, bagbanlaryň abyrsyz zähmeti bilen baglanyşyklydygy hemmä mälim hakykat. Şeýle bolansoň, häzirki günlerde welaýatymyzyň ýollaryny boýlap, atyz-meýdanlaryny aralap biraz ýöreseň, janypkeş adamlaryň ýadawsyz işlerini gözüň bilen görýärsiň. Ynha, bir tarapda ýakynda hasyldan boşan bugdaý meýdanlarynda sürüm, tekizleme çäreleri dowam edýär. Ho-ol aňyrrakda boýy ýetip barýan gowaçaly atyzlarda hatar arasyny bejermek ýa-da suw tutmak bilen meşgullanýan pagtaçy daýhanlaryň aladalarynyň ýetikdigi bildirýär. Eger ýoluň uly baglaryň üstünden düşse, kemsiz bişen miweleri ýygyp ýören bagbanlara gabat gelýärsiň. Umuman, çar tarapda hemmeler hereketde. Bu ýöne ýere däl. Gadymkylar aýtmyşlaýyn, hereketde bereket bar. Şonuň üçin hem her bir pursatdan peýdalanmak gerek. Tejribeli daýhan muny gowy bilýär. Ol jokrama yssa parh goýanok. Çünki hasylyň ykbaly şuny talap edýär.

Halal gazanjyň höziri

Hormatly Prezidentimiz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmekde ýerine ýetirilmeli çäreleriň hatarynda gallaçylaryň döwlete tabşyran bugdaý hasyly üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda amala aşyrylmagynyň zerurdygyny belläp, bu babatda degişli tabşyryklary berýär. Şundan ugur alyp hem-de öňde goýlan wezipeleri doly berjaý etmek maksady bilen, welaýatymyzyň bank ulgamynyň işgärleri derwaýys çäreleri durmuşa geçirdiler. Şeýlelikde, gaýratly zähmet çekip, bereketli hasyly Watan harmanyna goşan gallaçylaryň degişli pul serişdelerini almaklaryna şert döredildi. Netijede, olar öz halal gazançlaryny bankomatlaryň üsti bilen bökdençsiz alýarlar. Halkymyzda «Zähmet soňy — rehnet» diýilýär. Şol aýdylyşy ýaly, gallaçy daýhanlarymyzyň yhlasly zähmeti öz netijesini hem berýär. Bu olaryň öz ýadawsyz zähmetleri bilen gazanan halal gazanjyny maňlaýlaryna sylan pursatlaryndaky guwanç-buýsançlarynda-da aýdyň görünýär. Gallaçylar öndürijilikli işlemäge, onuň hözirini görüp ýaşamaga, halal gazanjyň hasabyna toýlar tutup, ýagşy günlere ýaran bolmaga döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýdýarlar.

Bazar bolçulygyna goşant

Hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, Şabat etrabynyň «Nowbahar» daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlary şu ýyl jemi 300 gektar meýdana ýeralma ekip, häzirki günlerde ýetişen hasyly zaýasyz ýygnamak ugrunda iş alyp barýarlar. Hojalykda ýeralma ýetişdirmekde 281 kärendeçi ene topraga yhlas siňdirip, gujur-gaýratyny gaýgyrman zähmet çekdi. Olaryň arasynda Tolganaý Akmanowa 1,5, Alişer Nurmedow 2,4, Sultan Arazow 3,4 gektar meýdana ýeralma ekip, oňat netijeleri gazandylar. Daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň agzybirlikli çeken zähmeti ýokary netijeleri berýär.

Gowaçanyň bol hasyly ýetişdirilýär

Ak bugdaý etrabynyň pagtaçy daýhanlary şu ýyl gowaçanyň ýokary hasylyny kemala getirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýärler. Etrabyň “ak altyn” ussatlary häzirki günlerde bol hasyla durýan gowaçaly meýdanlarda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, goşmaça iýmitlendirmek bilen bagly işleri utgaşykly alyp barýarlar. Kärendeçi daýhanlaryň arasynda ýaşlaryň uly toparynyň hem bardygy diýseň guwandyrýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň wekilleri bolup, ýaş kärendeçiler bilen iş üstünde yzygiderli duşuşmak bilen, olara bol hasyl ýetişdirmegiň, önüm bolçulygyny pugtalandyrmaga goşant goşmagyň ähmiýeti hakda gürrüň berýäris.

Sahawatly topragyň bereketli hasyly

Galla — 2023 Hormatly Prezidentimiziň talaplaryndan ugur alnyp, welaýatymyzda oba hojalyk pudagyny düýpli özgertmek, ösdürmek babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýatymyzyň merdana gallaçylary azabyňy gaýgyrman, agrotehniki kadalara laýyk ideg etseň, dökünini, suwuny kem etmeseň, hasylyny bolluk bilen eçilýän sahawatly topragymyzdan 80 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaý ýygnap, ýurdumyzda ilkinji bolup, uly zähmet ýeňşini gazandylar. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, durmuşa geçirýän oba hojalyk özgertmeleriniň aýdyň miwesidir.

Gallaçynyň guwanjy

Ýurdumyzyň oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmek, pudakda işleri ylmyň gazananlary hem-de pederlerden miras galan gadymy ekerançylyk sungatynyň baý milli tejribesi bilen sazlaşykly alyp barmak babatda döwlet derejesinde edilýän aladalardan ruhlanyp, welaýatymyzyň kärendeçi daýhanlary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda azyklyk gallanyň bol hasylyny Watan harmanyna goşdular. Agrosenagat toplumynda gazanylan şeýle üstünlige halal zähmeti bilen mynasyp goşant goşan gallaçy kärendeçileriň biri hem Etrek etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň tejribeli daýhany Amanmämmet Atajanowdyr. Indi on ýyldan gowrak wagt bäri ene topraga hyzmat edip gelýän Amanmämmet aga bilen söhbetdeş bolanymyzda, onuň dürli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde baý tejribesiniň bardygyna göz ýetirdik. Kärendeçi daýhan şu ýylyň hasyly üçin 16 gektar meýdana bugdaý ekipdir. Bugdaý ekilen meýdana ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyk alyp barypdyr. Bu işde daýhana iki ogly ýakyndan ýardam beripdir. Orak möwsüminde gallaly meýdanyň hasyly ýygnalanda, gektaryň hasyllylygy 20 sentnere ýetipdir. Tejribeli daýhan özara gürrüňdeşlikde oba hojalygynda alnyp barylýan işleriň, gazanylýan üstünlikleriň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň aladalarynyň durýandygyny aýratyn nygtady. Amanmämmet aga daýhanlar baradaky aladalara mynasyp zähmet görkezijileri bilen jogap bermegi özüniň esasy borjy