Daýhandan hereket — ýerden bereket

12 Iýul 2023
385

Tomus döwri toprak bilen iş salyşýan adamlaryň iş-aladalarynyň köpelýän, nakylda aýdylyşy ýaly, «depesiniň gaýnaýan» wagty hasap edilýär. Şu günlerde ekinleriň bir böleginiň miweleri ýygnalyp, beýlekileriniň hasylyna hasyl goşulmagy üçin der dökülýär. Bu zatlaryň daýhanlaryň, bagbanlaryň abyrsyz zähmeti bilen baglanyşyklydygy hemmä mälim hakykat. Şeýle bolansoň, häzirki günlerde welaýatymyzyň ýollaryny boýlap, atyz-meýdanlaryny aralap biraz ýöreseň, janypkeş adamlaryň ýadawsyz işlerini gözüň bilen görýärsiň. Ynha, bir tarapda ýakynda hasyldan boşan bugdaý meýdanlarynda sürüm, tekizleme çäreleri dowam edýär. Ho-ol aňyrrakda boýy ýetip barýan gowaçaly atyzlarda hatar arasyny bejermek ýa-da suw tutmak bilen meşgullanýan pagtaçy daýhanlaryň aladalarynyň ýetikdigi bildirýär. Eger ýoluň uly baglaryň üstünden düşse, kemsiz bişen miweleri ýygyp ýören bagbanlara gabat gelýärsiň.

Umuman, çar tarapda hemmeler hereketde. Bu ýöne ýere däl. Gadymkylar aýtmyşlaýyn, hereketde bereket bar. Şonuň üçin hem her bir pursatdan peýdalanmak gerek. Tejribeli daýhan muny gowy bilýär. Ol jokrama yssa parh goýanok. Çünki hasylyň ykbaly şuny talap edýär.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».