Ekinler ygtybarly goralýar

13 Iýul 2023
406

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Şabat etrabynda 18,5 müň gektar meýdana gowaça ekilip oňat gögeriş alyndy hem-de häzirki günlerde oňa ideg etmek çäreleri güýçli depginlerde alnyp barylýar. Şunda gowaçalary zyýan  beriji mör-möjeklerden biologik usulda goramaklyga hem aýratyn üns berilýändigini bellemek gerek. Häzirki wagtda etrabyň çäginde bu ugurda biokärhanalaryň 16 sanysy iş alyp barýar. Olaryň güýji bilen altyngözlüjäniň, trihogrammanyň, gabrobrakonyň ýeterlik möçberi öndürilýär hem-de öz wagtynda atyz-meýdanlara goýberilýär. Şu mahala çenli 16151 gektara altyngözlije, 15558 gektara trihogramma, 2607 gektara hem gabrobrakon ýaýradylyp, ekinleri goramak babatda düýpli iş geçirildi. Bu ugurdaky işler etrabyň Biruni adyndaky, «Bossan», «Nowbahar» daýhan birleşiklerinde has-da oňat alnyp barylýar.

Nodira ALLAMOWA,
TAP-nyň Şabat etrap komitetiniň hünärmeni.