Önüm bolçulygyna mynasyp goşant

12 Iýul 2023
406

Etrabymyzyň janypkeş ýer eýeleri azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek işinde ýylyň-ýylyna ýokary netijeleri gazanýarlar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem olaryň maksatlary aýdyň. Daýhanlar hormatly Prezidentimiziň zähmet adamlary hakynda edýän taýsyz tagallalaryna päk zähmetleri bilen jogap berýärler. Olar häzirki günlerde aralyk ekinleri ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar.

Daýhan baýasa, ýurt baýaýar, ilatyň ýaşaýşy eşrete beslenýär. Bu hakykatdan ugur alnyp, ýer eýeleriniň erkana zähmet çekmekleri üçin giň mümkinçilikler, amatly şertler döredilýär. Bol girdejiniň eýeleri bolmagy, azyk bolçulygyny döretmegi maksat edinýän gaýratly daýhanlarymyz zähmet çekip armaýarlar. Olar tarapyndan şu möwsümde etrabymyz boýunça 3140 gektara şaly, 250 gektara ýeralma, 150 gektara sogan, 108 gektara sarymsak, 140 gektara pomidor, 260 gektara käşir, 1465 gektara mäş, 540 gektara mekgejöwen we beýleki ekinler ekildi. Altyn güýzde ekin meýdanlaryny berekede beslemek ugrunda arman-ýadaman işleýän ýer eýelerine döwletimiz tarapyndan giň goldaw berilýär. Şonuň netijesinde ekinler ytygsaman ösýär we bol hasyl toplaýar.

Merdan NURMAMEDOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesiniň başlygy.