Gowaçalar kadaly boý alýar

12 Iýul 2023
429

Işine yhlasly kärendeçiler diňe bir ýetişdirýän bol hasyly, ýokary zähmet görkezijileri bilen däl, eýsem, ekinlere edýän idegi, kärende ýeriniň arassalygy bilen hem tapawutlanýarlar. Çärjew etrabynyň «Miras» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Şirin Jumaýewanyň kärende ýerinde hem ýekeje düýp haşal ot görmersiň. Ol, haçan görseň, gowaça meýdanynda bir işe güýmenip ýörendir. Wagt tapdygy, atyzynyň gyralaryny timarlaýar, ösüp oturan baglary pudaýar, täze daragt nahallaryny oturdýar. Şuňa görä oňa berkidilen atyz daş-töweregi bilen has-da göze gelüwli görünýär.

Gös-göni hatarlary dolduryp duran gowaçalaryň boýlary hem des-deň. Bu bolsa kärendeçiniň atyzyň ähli ýerine deň garaşyk edýändiginiň alamaty. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, şeýle netijäni gazanmak üçin agrotehnikanyň kadalaryny doly we dogry berjaý etmeli. Bu bolsa biri-biri bilen baglanyşykly işleriň uly toplumyny öz içine alýar. Şirin muňa gowy düşünýär. Onuň aýtmagyna görä, soňky ýylyň hasylynyň aladasyny öňki hasyl ýygnalandan soň edip başlamaly.

Döwlet JUMADURDYÝEW.