Gallaçynyň guwanjy

12 Iýul 2023
471

Ýurdumyzyň oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmek, pudakda işleri ylmyň gazananlary hem-de pederlerden miras galan gadymy ekerançylyk sungatynyň baý milli tejribesi bilen sazlaşykly alyp barmak babatda döwlet derejesinde edilýän aladalardan ruhlanyp, welaýatymyzyň kärendeçi daýhanlary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda azyklyk gallanyň bol hasylyny Watan harmanyna goşdular. Agrosenagat toplumynda gazanylan şeýle üstünlige halal zähmeti bilen mynasyp goşant goşan gallaçy kärendeçileriň biri hem Etrek etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň tejribeli daýhany Amanmämmet Atajanowdyr. Indi on ýyldan gowrak wagt bäri ene topraga hyzmat edip gelýän Amanmämmet aga bilen söhbetdeş bolanymyzda, onuň dürli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde baý tejribesiniň bardygyna göz ýetirdik. Kärendeçi daýhan şu ýylyň hasyly üçin 16 gektar meýdana bugdaý ekipdir. Bugdaý ekilen meýdana ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyk alyp barypdyr. Bu işde daýhana iki ogly ýakyndan ýardam beripdir. Orak möwsüminde gallaly meýdanyň hasyly ýygnalanda, gektaryň hasyllylygy 20 sentnere ýetipdir.

Tejribeli daýhan özara gürrüňdeşlikde oba hojalygynda alnyp barylýan işleriň, gazanylýan üstünlikleriň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň aladalarynyň durýandygyny aýratyn nygtady. Amanmämmet aga daýhanlar baradaky aladalara mynasyp zähmet görkezijileri bilen jogap bermegi özüniň esasy borjy hasaplaýar. Ol üstümizdäki ýylda 2 gektar meýdana bakja ekinlerini hem ekipdir. Ýer eýesi ondan hem bol hasyl alyp, welaýatymyzyň ak bazarlaryna ugratjakdygyny buýsanç bilen aýdýar.

Nurmämmet Hydyrow,
«Balkan».