Sahawatly topragyň bereketli hasyly

12 Iýul 2023
416

Galla — 2023

Hormatly Prezidentimiziň talaplaryndan ugur alnyp, welaýatymyzda oba hojalyk pudagyny düýpli özgertmek, ösdürmek babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýatymyzyň merdana gallaçylary azabyňy gaýgyrman, agrotehniki kadalara laýyk ideg etseň, dökünini, suwuny kem etmeseň, hasylyny bolluk bilen eçilýän sahawatly topragymyzdan 80 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaý ýygnap, ýurdumyzda ilkinji bolup, uly zähmet ýeňşini gazandylar. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, durmuşa geçirýän oba hojalyk özgertmeleriniň aýdyň miwesidir.

Toýmämmet Rejebow,
«Balkan».