Bol hasyl almak ugrunda

14 Iýul 2023
558

Babadaýhan etrabynyň pagtaçy kärendeçileri şu günler gowaça ekilen meýdanlara daýhan yhlasy, başarnygy bilen gurşap alýarlar. Häzirki wagtda etrabyň ekin meýdanlarynda gowaçalara ideg işleri alnyp barylýar.

Ideg işleriniň hatarynda gowaçalary haşal otlardan arassalamak, suw tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de hatarara bejergi geçirmek işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Etrabyň pagtaçylarynyň häzirki alyp barýan tutanýerli zähmetleri olaryň yhlaslarynyň ýerine düşjekdigine ynamy berkidýär.

Gurtgylyç BEKIÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Babadaýhan etrap birleşmesiniň başlygy.