Sürüm işleri guramaçylykly barýar

13 Iýul 2023
578

Ak bugdaý etrabynda galladan boşan ýerlerde sürüm işini geçirmek we topragy geljek ýylyň hasyly üçin däne ekişine taýýarlamak işine jogapkärli çemeleşilýär. Häzirki günler bu işler üns merkezinde bolup, meýilnama esasynda alnyp barylýar. Şonda sürüm geçiriji tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegini gazanmakda aýratyn tagallalar edilýär.

Sürümde etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň, daýhan birleşiklerdir daýhan hojalyklarynyň kämil tehnikalarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Mehanizatorlar tehnikalaryna ussatlyk bilen erk edip, bu işe saldamly goşant goşýarlar. Şol bir wagtyň özünde etrapda güýzlük däne ekişinde ekiljek tohumlaryň taýýarlygyna uly ähmiýet berilýär. Häzirki işler ekiş möwsümine ýokary derejedäki taýýarlyklar bilen barmaga şert döredýär.

Şirinjemal AMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.