Bagbanlar bäsleşdiler

14 Iýul 2023
422

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň bagbanlarynyň arasynda yglan edilen «Ussat bagban» atly hünär bäsleşigiň welaýat tapgyry jemlendi. Oňa sebitiň dürli ýerlerinden ussat bagbanlar gatnaşdy.

Bäsleşigiň esasy maksady täze taryhy döwrümizde bagbanlaryň işlerinde döredijilik ukyplaryny goldamakdan, ýokary öndürijilikli zähmete höweslerini ýokarlandyrmakdan, ussat bagbanlary ýüze çykarmakdan we iş tejribelerini öwrenmekden, şeýle-de eziz Diýarymyzda tebigaty goramak babatynda alnyp barylýan syýasaty wagyz etmekden ybarat boldy. Şoňa görä-de, asylly maksada eýeren bäsleşikde miweli, saýaly we bezeg baglarynyň dürli görnüşlerini ýetişdirmek arkaly ýurdumyzyň bagy-bossanlyga bürenmegine, azyk bolçulygynyň pugtalanmagyna goşant goşýan ussat bagbanlar hünär babatdaky ukyp-başarnygyny degişli şertleriň üsti bilen açyp görkezdiler, sowalnamalara degerli jogap berdiler. Kärinden kemal tapan bagbanlaryň alyp barýan işleriniň aýratynlygyny beýan edýän wideoşekillerdir fotosuratlar hem emin agzalaryna ýeňijileri adalatly kesgitlemäge goşmaça şert döretdi.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz).