"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Guşçulyk

Ýedi hazynanyň biri Belli bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde guşçulyk toplumlarynyň, kärhanalarynyň ençemesi gurlup ulanmaga berlip, işler maksadalaýyk ýola goýuldy. Häzirki döwürde olarda towuklaryň, beýleki guşlaryň köp görnüşleri idedilip, uly möçberlerde et, ýumurtga öndürilýär. Muny haýsy bazara ýa-da dükana barsaň-da, olarda öndürilen şeýle önümleriň bolçulygyndan bilip bolýar. Paýtagtymyz Aşgabadyň golaýyndaky ýa-da Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň, Lebap welaýatynyň çäklerindäki guşçulyk toplumlarynda öndürilen guş önümleriniň hyrydarlary az däl.

Bereketliligiň berk binýady

Hormatly Prezidentimiziň golaýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ak pata bermegi bilen düýn ýurdumyzda bugdaý ekişine girişildi. Gadymy Lebap topragynda ekişe badalga bermek üçin Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däl. Sebitde ady meşhur hojalykda öz işiniň ussady bolan hünärmenler zähmet çekýärler. Kärendeçiler ýylyň-ýylyna bugdaýyň we pagtanyň bol hasylyny ýetişdirýärler. Şu ýylyň güýzünde hojalygyň daýhanlarynyň öňünde 1 müň 250 gektar meýdana bugdaý ekip, doly gögeriş almak hem-de ekine kadaly garaşyk etmäge başlamak wezipesi durýar. Geljek ýylyň hasylynyň düýbüniň tutulmagyna başlanylmazyndan ozal welaýat häkimliginde geňeş-maslahat geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk işgärleriniň öňlerinde bugdaý ekişini öz wagtynda we agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçirmek barada goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonuň ýaly-da çykyş edenler atyzlary, tohumlary ekişe taýýarlamak, tehnikalardan ýerlikli peýdalanmak barada jikme-jik gürrüň etdiler. Bellenilişi ýaly, şu ýyl welaýatymyzda bugdaýyň «Garaşsyzlyk», «Sähraýy», «Bagtyýarlyk», «Alekseiç», «Bezostyý — 100» ýaly saýlantgy görnüşlerini ekmek göz öňünde tutulýar.

Öňde jogapkärli möwsüm

Hormatly Prezidentimiziň 31-nji awgustda geçiren Hökümet mejlisinde Ahal, Balkan, Mary welaýatlary bilen bir hatarda 9-njy sentýabrda bereketli Lebap topragynda hem pagta ýygymyna başlamaga ak pata bermegi oba adamlarynyň arasynda zähmet joşgunyny döretdi. Daýhan birleşikleri, işi oba hojalygy bilen baglanyşykly edaralar we kärhanalar bu möwsüme taýýarlykly geldiler. Bahar paslynda agrotehniki kadalara laýyklykda 130 müň gektar meýdana gowaçanyň tohumy sepildi we gowy gögeriş alyndy. Ekinlere göreldeli ideg edilmegi bilen «ak altynyň» bereketli hasyly ýetişdirildi. Pagtaçy kärendeçileriň öňlerinde şu möwsümde 320 müň tonna «ak altyny» ýygnap almak we kabul ediş harmanhanalaryna tabşyrmak wezipesi durýar. Daýhanlar gymmatly hasyly ýitgisiz ýygnamak ugrunda çynlakaý aladalanýarlar. Bu möhüm işde Çärjew, Saýat, Dänew etraplarynyň kärendeçileri ýokary guramaçylyk görkezýärler.

Balynda melhemi, kalbynda tebigata söýgüsi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýan her bir raýatyň öňünde ukyp-başarnygyňy görkezmek, durmuşyňy gowulandyrmak maksady bilen halal zähmet çekmek üçin giň mümkinçilikler bar. Isle, kärendesine ýer alyp, ekin ek, hasyl al, girdeji gazan, isle-de, telekeçilik işleriniň dürli görnüşleri bilen meşgullan. Her kimiň öz ukybyny, başarnygyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegi üçin mümkinçilikleriň çägi şeýle bir giňeldi. Bu bolsa azyk önümleriniň dürli görnüşleriniň bolçulygynyň döremegine getirdi. Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şäherçesiniň ýaşaýjysy Satlyk Nobatowy aksakgal hökmünde hem tanaýarlar. Ol, köplenç, il arasynda, toý-sadakalaryň ýolbaşçysy. Bu jemgyýetçilik işiniň daşyndan bolsa indi on ýyldan bäri balçylyk bilen meşgullanýar. Alty onlugy tegeläberen ýaşuly balarylary idedip, hem-ä ildeşleri üçin peýdaly iş edýär, olaryň sagbolsunyny alýar, hem-de azyk bolçulygyna öz goşandyny goşýar. Balyň damja-damjadan öndürilýändigini görenler bu işiň örän inçe, hysyrdyly işdigini oňat bilýändirler. Şonuň üçindir balary idedýän kişiler sabyr-takatly, giň göwünli bolýarlar. Satlyk aganyň daş keşbindenem oňa şeýle sypatlaryň mahsusdygyny görýärsiň. Tebigatyň gülgüzar ýerlerinde balary idedip, ekologiýa taýdan arassa önümleri hödürleýändigi üçin ondan ildeşleri hoşal bolýarlar. Ol bu işi oguIlaryna hem öwredipdir. Azyklyk hem-de melhemlik häsiýetli balary önüm

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen welaýatymyzda bugdaý ekişine girişildi

Tohumyňyz müňlesin, gallaçylar! Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 31-nji awgustynda geçirilen mejlisinde häzirki wagtda ekişiň golaýlap gelýändigine görä, gallaçy babadaýhanlarymyzyň öňlerinde örän wajyp wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi. Bugdaý ekişi möwsümini bellenen möhletlerde, agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, tiz we ýokary hilli geçirmegiň wajyp ähmiýetiniň bardygyny nygtap, öňümizdäki möwsümde geljek ýylyň bereketli hasylynyň düýbüniň tutulýandygyny belläp geçdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda şu ýylyň 6-njy sentýabryndan bugdaý ekişine guramaçylykly girişmäge ak pata berýändigini aýtdy we asylly däbimize görä, bu möhüm çärä hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda badalga berilmelidigini nygtady.

ZÄHMET SAZLAŞYGY

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň dabaraly baýram ediljek günleri indi uzakda däl. Bu şanly sene golaýlaşdygyça ýurdumyzyň daýhan birleşiklerinde, edara-kärhanalarynda, önümçiligiň beýleki pudaklarynda işleýänler her güni zähmet üstünliklerine beslemek hyjuwy bilen joşýarlar. Ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň her biri Garaşsyzlygymyzyň uludan tutuljak toýuna mynasyp zähmet sowgady bilen barmagy özüniň watançylyk borjy hasaplaýar. Tagtabazar etrabynyň “Azatlyk” daýhan birleşigi önümçilik görkezijileri boýunça öňdäki hojalyklaryň biridir. Bu hojalykda kärendeçi toparlarynyň 13-si bolup, Agaly Hümmedowyň ýolbaşçylyk edýän 6-njy toparynyň kärendeçileri has-da tapawutlanýarlar. Biz kärendeçi Toýlymyrat Hemraýew bilen iş ýerinde duşuşdyk.

Oba hojalygy: bol hasylyň aladalary

DÜŞEWÜNTLI EKIN Gant şugundyry düşewüntli ekinleriň biri. Bu ekin bugdaýdan boşan ýerlere ekilip, bir ýylda ýerden iki hasyl alynmagyna mümkinçilik döredýär. Şeýle hem gant şugundyry şeker we gant önümleriniň çig maly bolup durýar. Gant şugundyry topragyň gurplanmagynda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şugundyrdan boşan ýerler haşal otlardan saplanylýar, topragyň medeniýeti ýokarlanýar. Süýjülik ekinini ýetişdirmek hysyrdyly iş bolup, aýratyn idegi talap edýär. Onuň ekilýän wagtynyň howanyň yssy günlerine gabat gelýänligi sebäpli ýygy suwarmaly bolýar.

Gallaçy daýhanlarymyz bugdaý ekişine girişdiler

Şu gün — 6-njy sentýabrda ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda bolşy ýaly, Ahal welaýatynda hem güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Hormatly Prezidentimiziň bugdaý ekişine beren ak patasyndan göwni göterilen welaýatymyzyň oba zähmetkeşleri jogapkärli möwsüme dili senaly ýaşulularyň “Bismillasy” bilen başladylar.

Arkadagly Serdarymyz bugdaý ekişine we pagta ýygymyna girişilmegine ak pata berdi

Şu gün ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bugdaý ekişine girişilýär 4-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işlere garaldy.

«Ak altynly» pellerde

Joýalar setir-setir,Ös gowaçam, şahaň ýaý!«Ak altyny» bol getir,Ös, gowaçam, şahaň ýaý! Ýygaýyn durman, arman,Ýeller ýetirsin armam,Hanaň aýama sygman,Ös gowaçam, şahaň ýaý!

Oba hojalygynda jogapkärli möwsüm

Şu gün welaýatymyzda güýzlük bugdaý ekişine girişilýär Arkadagly Serdarymyzyň ak patasy bilen şu gün ýurdumyzyň ak ekin ussatlary güýzlük bugdaý ekişine girişýärler. Bu jogapkärli möwsüme welaýatymyzyň edermen oba zähmetkeşleri ýokary taýýarlyklar bilen geldiler.

Wagyz-nesihat çäresi

Ak pagtam — ak bagtym Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň hal-ýagdaýy, ýaşaýyş-durmuş derejesi, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatlylygy barha gowulanýar. Ýurdumyzda senagatyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagyna hem aýratyn üns berilýär.

Tehnikalar taýýar edildi

Köneürgenç etrabynyň zähmetsöýer babadaýhanlary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 18 müň gektar ýerde gowaça hasylyny ýetişdirdiler. Öňde duran möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymynda etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň dürli kysymly pagta ýygyjy kombaýnlarynyň 24 sanysy, pagta ýygyjy tirkegleriň 17 sanysy gatnaşdyrylar. Şeýle-de güýzlük bugdaý ekişi möwsüminde kärhananyň dürli kysymly tehnikalarynyň  sürümde 50-den gowragy, ekijileriň  30 sanysy, daýhan birleşiklerine degişli boronalaryň 752-si, malalaryň 129-sy we beýleki gurallaryň-da onlarçasy ulanylar. Bu tehnikalara, gurallara kärhananyň kebşirleýji, ýonujy, abatlaýjy ussalary tarapyndan zerur bolan tehniki hyzmatlar edildi. Bu ussalaryň hatarynda Sapargeldi Togalakow, Toýlymät Şamedow, Bäşbaý Janmedow, Parahat Durdyýew dagyny görkezmek bolar. Kärhana tarapyndan göçme abatlaýjy toparlar döredilip, olar kebşirleýji enjamlar, tejribeli ussalar, ýangyç guýujy tehnikalar bilen üpjün edildi. Bu toparlaryň agzalary ekiş möwsüminde iş üstünde tehnikalara zerur tehniki hyzmatlary gurap, ekişiň ýokary depginlerde gitmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşarlar.

Hasyl bökdençsiz kabul ediler

Daşoguz welaýatynyň görkana merkezi bilen gadymy Gürgenji birleşdirýän uly ýoluň ugrunda ýerleşýän Köneürgenç etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynda pagta ýygym möwsüminiň başlanmagy mynasybetli toý dabaralaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň sahawatly güýz paslynyň sähetli güni bu döwrebap kärhanada täze hasylyň ilkinji tonnalary kabul edilip, döwletli işlere badalga berler. Şu günler ajaýyp döwrümiziň uly ösüşleriniň nobatdaky mysaly bolan bu kärhanada «ak altyn» harmanly ak kerweni guramaçylykly garşy almaga, bu çäräni baýramçylyk ruhunda geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Şanly ýylymyzda welaýat boýunça 140 müň gektar meýdanda pagtanyň bol hasyly ýetişdirildi. Patrak ýaly açylan gozalar taýýarlanylmagy göz öňünde tutulan 275 müň tonnalyk sepgide ýetiljekdigine uly ynam döredýär. Welaýatyň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 10-synda, harmanhanalaryň 47-sinde ýygnalan hasyl gije-gündizleýin tertipde bökdençsiz kabul ediler. Köneürgenç etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasy möwsümleýin işleri göwnejaý guramak, täze hasyly gaýtadan işlemek babatynda oňat netijeleri gazanýar. Iň täze tehnologiýalar we enjamlar bilen üpjün edilen kärhanada pagtanyň ýylda 40 müň tonnasy gaýtadan işlenilýär, saýlama tohumlaryň hem 15 müň tonnasy taýýarlanylýar. Oba hojalyk pudagynyň iri düzüm bölegi bolan bu toplum halk hojalygy üçin i

Täze hasylyň aladasy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli ägirt uly özgertmelere mynasyp iş bilen jogap bermegi maksat edinýän welaýatymyzyň oba hojalyk toplumynyň işgärleridir zähmetsöýer babadaýhanlary öňde duran güýzlük bugdaý ekişine ählitaraplaýyn ykjam taýýarlyk görýärler. Bu babatda «Balkangalla- önümleri» önümçilik birleşiginiň kärhanalarynda güýzlük däne ekişi üçin tohumlyk bugdaýlary taýýarlamak işleri göwnejaý ýola goýlupdyr. Geljek ýylyň hasyly üçin welaýatymyzyň ekin meýdanlarynda bugdaýyň bol hasyl berýän, esasan-da, «Alekseýiç» we «Bezostaýa 100» ýaly görnüşlerini ekmek meýilleşdirilýär. Arassa tohum ýerden bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridir. «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Sarp degirmenler toplumynyň hem-de Bereket galla kabul ediş kärhanasynyň döwrebap enjamlar oturdylan tohum arassalaýjy bölümlerinde ekiş möwsümi üçin taýýarlanylýan tohumlyk bugdaýlar arassalanýar, dermanlanýar, soňra bolsa ýörite haltalara gaplanýar we ekiş geçiriljek meýdanlara ugratmak üçin taýýar edilip goýulýar. Tohumlyk dänäni arassalamak, dermanlamak we guratmak işleri talabalaýyk bolanda, bugdaý has-da bitginli bolýar. Şeýle bolansoň, tohum taýýarlamak işine aýratyn gözegçilik edilýär. 

Asylly işe halk guwanýar

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagyny hem düýpli galkynyşa, ösüşlere eýe edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän il-ýurt bäh- bitli işler halkymyzyň köňül buýsanjyna öwrülýär. Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly geçirýän iş maslahatlarynda oba hojalygynda möhüm pudaklaryň biri bolan maldarçylygyň hem döwrebap derejede ösdürilmelidigini, maldarlar üçin amatly şertleriň döredilmelidigini nygtap, mallaryň aňzakly gyşda dok we ýyly gyşladylmagy üçin hemme zerur çäreleriň görülmegi, ýeterlik derejede ätiýaçlyk ot-iým gorunyň döredilmegi babatda anyk tabşyryklary berýär.

Güýz, daýhan, hasyl

Ertir il arasynda atlandyrylyşy ýaly, tylla güýzüň hemmelere, aýratyn hem, daýhan adamlara bereket eçilýän, olaryň çeken ýadawsyz zähmetine baha berýän, agramyny ölçeýän günler başlanýar. Olaryň öňküden hem köp aladalar getirýändigine garamazdan, özboluşly, has ýakymly pursatlara baý bolýandygy hakykat. Çünki güýz — bu «ak altynyň», şalynyň, gawun-garpyzlaryň, dürli görnüşli miweleriň, terbaş üzümleriň bol bişýän döwri. Şonuň üçin-de şahyrlar ony «güýzüň arygyndan bal akýar» diýip taryplaýarlar. Güýz bilen daýhanyň arasynda meňzeşlik, özara baglanyşyk bar. Olaryň ikisi-de başgalara bereket eçilýär, haýyrly-sahawatly işi ýerine ýetirýär. Şonuň bilen hem biziň ýaşaýşymyzyň ygtybarlylygy, rowaçlygy üpjün edilýär, şu başlanýan güýz günleriniň ähmiýeti has-da düşnükli bolýar.

Pagta — 2023

Okuw maslahaty geçirildi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýatymyzyň pagtaçylarynyň köp zähmet siňdirip ýetişdiren «ak altyn» hasylyny ýygnamak möwsüminiň öň ýanynda welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi hem-de «Daşoguzpagta» önümçilik birleşigi tarapyndan degişli edara-kärhanalaryň işgärleriniň arasynda möwsümde ýangyn-tehniki howpsuzlygynyň düzgünleriniň pugta berjaý edilmegine bagyşlanylan okuw maslahatlary, wagyz-düşündiriş işleri ýaýbaňlandyryldy. Golaýda olaryň biri Köneürgenç şäherindäki döwrebap pagta arassalaýjy kärhanada guralyp, oňa bu ugra jogapkär hünärmenler, pagta kabul ediş bölümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Päk zähmet bagta ýetirýär

Welaýatymyzda maldarçylyk önümlerini öndürmekde şanly ýylyň geçen ýedi aýynda ýokary netijeler gazanyldy. Oba adamlary azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek ugrunda höwesli zähmet çekýärler. Şeýle oňyn ýagdaý döwletimiz tarapyndan işlemek, bol girdeji gazanmak üçin örän amatly şertleriň döredilýändigi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Welaýatymyzyň oba hojalyk işgärleri ilatyň abadan durmuşda ýaşamagy, saçaklarynyň naz-nygmatdan doly bolmagy ugrunda ýadawsyz aladalanýarlar. Çekilýän yhlasly zähmetiň netijesinde şu ýylyň başyndan bäri welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda 79,5 müň tonna et (diri agramda), 371,1 müň tonna süýt, 140 million sany ýumurtga öndürildi. Bu önümleriň aglaba böleginiň hususy hojalyklarda öndürilendigi bellärliklidir.

Baş baýrama mynasyp sowgatly

Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynyň işçi-hünärmenleri ýurt Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyny zähmet üstünlikleri bilen garşylaýarlar. Zawodda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň başyndan bäri meýilnamalar aýma-aý artygy bilen ýerine ýetirilýär. Zawodda oba hojalygynda ulanylýan dürli kysymly tehnikalaryň zerur bolan şaýlary abatlanylýar we täzeden ýasalýar. Tejribeli hünärmenler welaýatyň oba hojalyk işlerinde ulanylýan tehnikalaryň şaýlarynyň çalt abatlanylyp, buýrujylara iberilmegini üpjün edýärler. Önümçilik işleriniň depgini ýylyň bütin dowamynda hem gowşamaýar. Sebäbi oba hojalyk işleriniň ýagdaýy ilki bilen tehnikanyň guratlygyna bagly bolup durýar. Bu işleri oba hojalygyndaky möhüm möwsümlere laýyklykda kadaly ýöretmek boýunça işçi-hünärmenleriň iş tejribeleri ýeterli. Kärhanada ätiýaçlyk şaýlaryň dürli görnüşleri ýasalýar, abatlanylýar. Diňe bir awgust aýynda gowaçalaryň uçlaryny çyrpmakda ulanylýan tehniki enjamlaryň uly toplumy öndürildi. Ätiýaçlyk şaýlaryň bolsa 600-700 görnüşi ýasaldy. Bu şaýlaryň käbir görnüşleriniň öňünden hem ätiýaçlyk gory döredilýär. Bu bolsa möhüm oba hojalyk möwsümlerinde önüm öndürijileriň buýurmalarynyň bökdençsiz kanagatlandyrylmagyna, ekerançylyk işleriniň öz möhletlerinde ýerine ýetirilmegine oňyn täsirini ýetirýär.