Pagta — 2023

30 Awgust 2023
293

Okuw maslahaty geçirildi

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýatymyzyň pagtaçylarynyň köp zähmet siňdirip ýetişdiren «ak altyn» hasylyny ýygnamak möwsüminiň öň ýanynda welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi hem-de «Daşoguzpagta» önümçilik birleşigi tarapyndan degişli edara-kärhanalaryň işgärleriniň arasynda möwsümde ýangyn-tehniki howpsuzlygynyň düzgünleriniň pugta berjaý edilmegine bagyşlanylan okuw maslahatlary, wagyz-düşündiriş işleri ýaýbaňlandyryldy. Golaýda olaryň biri Köneürgenç şäherindäki döwrebap pagta arassalaýjy kärhanada guralyp, oňa bu ugra jogapkär hünärmenler, pagta kabul ediş bölümleriniň wekilleri gatnaşdylar.