Bereketliligiň berk binýady

6 Sentýabr 2023
463

Hormatly Prezidentimiziň golaýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ak pata bermegi bilen düýn ýurdumyzda bugdaý ekişine girişildi. Gadymy Lebap topragynda ekişe badalga bermek üçin Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däl. Sebitde ady meşhur hojalykda öz işiniň ussady bolan hünärmenler zähmet çekýärler. Kärendeçiler ýylyň-ýylyna bugdaýyň we pagtanyň bol hasylyny ýetişdirýärler. Şu ýylyň güýzünde hojalygyň daýhanlarynyň öňünde 1 müň 250 gektar meýdana bugdaý ekip, doly gögeriş almak hem-de ekine kadaly garaşyk etmäge başlamak wezipesi durýar.

Geljek ýylyň hasylynyň düýbüniň tutulmagyna başlanylmazyndan ozal welaýat häkimliginde geňeş-maslahat geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk işgärleriniň öňlerinde bugdaý ekişini öz wagtynda we agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçirmek barada goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonuň ýaly-da çykyş edenler atyzlary, tohumlary ekişe taýýarlamak, tehnikalardan ýerlikli peýdalanmak barada jikme-jik gürrüň etdiler. Bellenilişi ýaly, şu ýyl welaýatymyzda bugdaýyň «Garaşsyzlyk», «Sähraýy», «Bagtyýarlyk», «Alekseiç», «Bezostyý — 100» ýaly saýlantgy görnüşlerini ekmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet JUMADURDYÝEW.
Surata düşüren Merdan ORAZOW.