Tehnikalar taýýar edildi

31 Awgust 2023
491

Köneürgenç etrabynyň zähmetsöýer babadaýhanlary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 18 müň gektar ýerde gowaça hasylyny ýetişdirdiler. Öňde duran möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymynda etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň dürli kysymly pagta ýygyjy kombaýnlarynyň 24 sanysy, pagta ýygyjy tirkegleriň 17 sanysy gatnaşdyrylar.

Şeýle-de güýzlük bugdaý ekişi möwsüminde kärhananyň dürli kysymly tehnikalarynyň  sürümde 50-den gowragy, ekijileriň  30 sanysy, daýhan birleşiklerine degişli boronalaryň 752-si, malalaryň 129-sy we beýleki gurallaryň-da onlarçasy ulanylar. Bu tehnikalara, gurallara kärhananyň kebşirleýji, ýonujy, abatlaýjy ussalary tarapyndan zerur bolan tehniki hyzmatlar edildi. Bu ussalaryň hatarynda Sapargeldi Togalakow, Toýlymät Şamedow, Bäşbaý Janmedow, Parahat Durdyýew dagyny görkezmek bolar. Kärhana tarapyndan göçme abatlaýjy toparlar döredilip, olar kebşirleýji enjamlar, tejribeli ussalar, ýangyç guýujy tehnikalar bilen üpjün edildi. Bu toparlaryň agzalary ekiş möwsüminde iş üstünde tehnikalara zerur tehniki hyzmatlary gurap, ekişiň ýokary depginlerde gitmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşarlar.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TAP-nyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.