Päk zähmet bagta ýetirýär

30 Awgust 2023
296

Welaýatymyzda maldarçylyk önümlerini öndürmekde şanly ýylyň geçen ýedi aýynda ýokary netijeler gazanyldy. Oba adamlary azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek ugrunda höwesli zähmet çekýärler. Şeýle oňyn ýagdaý döwletimiz tarapyndan işlemek, bol girdeji gazanmak üçin örän amatly şertleriň döredilýändigi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Welaýatymyzyň oba hojalyk işgärleri ilatyň abadan durmuşda ýaşamagy, saçaklarynyň naz-nygmatdan doly bolmagy ugrunda ýadawsyz aladalanýarlar. Çekilýän yhlasly zähmetiň netijesinde şu ýylyň başyndan bäri welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda 79,5 müň tonna et (diri agramda), 371,1 müň tonna süýt, 140 million sany ýumurtga öndürildi. Bu önümleriň aglaba böleginiň hususy hojalyklarda öndürilendigi bellärliklidir.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
ýörite habarçymyz.