ZÄHMET SAZLAŞYGY

6 Sentýabr 2023
461

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň dabaraly baýram ediljek günleri indi uzakda däl. Bu şanly sene golaýlaşdygyça ýurdumyzyň daýhan birleşiklerinde, edara-kärhanalarynda, önümçiligiň beýleki pudaklarynda işleýänler her güni zähmet üstünliklerine beslemek hyjuwy bilen joşýarlar. Ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň her biri Garaşsyzlygymyzyň uludan tutuljak toýuna mynasyp zähmet sowgady bilen barmagy özüniň watançylyk borjy hasaplaýar.

Tagtabazar etrabynyň “Azatlyk” daýhan birleşigi önümçilik görkezijileri boýunça öňdäki hojalyklaryň biridir. Bu hojalykda kärendeçi toparlarynyň 13-si bolup, Agaly Hümmedowyň ýolbaşçylyk edýän 6-njy toparynyň kärendeçileri has-da tapawutlanýarlar. Biz kärendeçi Toýlymyrat Hemraýew bilen iş ýerinde duşuşdyk.