Asylly işe halk guwanýar

30 Awgust 2023
479

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagyny hem düýpli galkynyşa, ösüşlere eýe edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän il-ýurt bäh-

bitli işler halkymyzyň köňül buýsanjyna öwrülýär. Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly geçirýän iş maslahatlarynda oba hojalygynda möhüm pudaklaryň biri bolan maldarçylygyň hem döwrebap derejede ösdürilmelidigini, maldarlar üçin amatly şertleriň döredilmelidigini nygtap, mallaryň aňzakly gyşda dok we ýyly gyşladylmagy üçin hemme zerur çäreleriň görülmegi, ýeterlik derejede ätiýaçlyk ot-iým gorunyň döredilmegi babatda anyk tabşyryklary berýär.

Toýmämmet Rejebow,
«Balkan».