Täze hasylyň aladasy

30 Awgust 2023
375

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli ägirt uly özgertmelere mynasyp iş bilen jogap bermegi maksat edinýän welaýatymyzyň oba hojalyk toplumynyň işgärleridir zähmetsöýer babadaýhanlary öňde duran güýzlük bugdaý ekişine ählitaraplaýyn ykjam taýýarlyk görýärler. Bu babatda «Balkangalla- önümleri» önümçilik birleşiginiň kärhanalarynda güýzlük däne ekişi üçin tohumlyk bugdaýlary taýýarlamak işleri göwnejaý ýola goýlupdyr.

Geljek ýylyň hasyly üçin welaýatymyzyň ekin meýdanlarynda bugdaýyň bol hasyl berýän, esasan-da, «Alekseýiç» we «Bezostaýa 100» ýaly görnüşlerini ekmek meýilleşdirilýär. Arassa tohum ýerden bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridir. «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Sarp degirmenler toplumynyň hem-de Bereket galla kabul ediş kärhanasynyň döwrebap enjamlar oturdylan tohum arassalaýjy bölümlerinde ekiş möwsümi üçin taýýarlanylýan tohumlyk bugdaýlar arassalanýar, dermanlanýar, soňra bolsa ýörite haltalara gaplanýar we ekiş geçiriljek meýdanlara ugratmak üçin taýýar edilip goýulýar. Tohumlyk dänäni arassalamak, dermanlamak we guratmak işleri talabalaýyk bolanda, bugdaý has-da bitginli bolýar. Şeýle bolansoň, tohum taýýarlamak işine aýratyn gözegçilik edilýär. 

Muhammetgylyç Tagangylyjow,
«Balkan».