Oba hojalygy: bol hasylyň aladalary

6 Sentýabr 2023
435

DÜŞEWÜNTLI EKIN

Gant şugundyry düşewüntli ekinleriň biri. Bu ekin bugdaýdan boşan ýerlere ekilip, bir ýylda ýerden iki hasyl alynmagyna mümkinçilik döredýär. Şeýle hem gant şugundyry şeker we gant önümleriniň çig maly bolup durýar. Gant şugundyry topragyň gurplanmagynda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şugundyrdan boşan ýerler haşal otlardan saplanylýar, topragyň medeniýeti ýokarlanýar. Süýjülik ekinini ýetişdirmek hysyrdyly iş bolup, aýratyn idegi talap edýär. Onuň ekilýän wagtynyň howanyň yssy günlerine gabat gelýänligi sebäpli ýygy suwarmaly bolýar.