Güýz, daýhan, hasyl

30 Awgust 2023
377

Ertir il arasynda atlandyrylyşy ýaly, tylla güýzüň hemmelere, aýratyn hem, daýhan adamlara bereket eçilýän, olaryň çeken ýadawsyz zähmetine baha berýän, agramyny ölçeýän günler başlanýar. Olaryň öňküden hem köp aladalar getirýändigine garamazdan, özboluşly, has ýakymly pursatlara baý bolýandygy hakykat. Çünki güýz — bu «ak altynyň», şalynyň, gawun-garpyzlaryň, dürli görnüşli miweleriň, terbaş üzümleriň bol bişýän döwri. Şonuň üçin-de şahyrlar ony «güýzüň arygyndan bal akýar» diýip taryplaýarlar.

Güýz bilen daýhanyň arasynda meňzeşlik, özara baglanyşyk bar. Olaryň ikisi-de başgalara bereket eçilýär, haýyrly-sahawatly işi ýerine ýetirýär. Şonuň bilen hem biziň ýaşaýşymyzyň ygtybarlylygy, rowaçlygy üpjün edilýär, şu başlanýan güýz günleriniň ähmiýeti has-da düşnükli bolýar.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».