"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Möwsümleýin işler utgaşykly alnyp barylýar

16-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow çykyş edip, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Sanly tehnologiýalar — geljegiň giň mümkinçilikleri

15-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we şäheriň häkimi G.Mämmedowa bu ýerde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň söwda merkeziniň, özboluşly bezeg aýratynlyklary bolan myhmanhananyň, döwrebap dynç alyş seýilgähiniň, ähli amatlyklary özünde jemleýän köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, şypahananyň, maglumat tehnologiýalary boýunça umumybilim berýän merkeziň, işewürlik merkeziniň, Oba hojalyk uniwersitetiniň şekil taslamalary bar.

Siziň bilen gülleýär bu eziz diýarymyz, ýaşa, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň täze derejesi 11-nji sentýabrda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralary geçirildi. Dabaralara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, sanly ulgam arkaly, gatnaşdy. Şol gün bu dabara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund hem gatnaşdylar.

Halk demokratiýasy – döwlet syýasatynyň binýady

Döwleti dolandyrmakda, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmakda, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk ýörelgelerini tejribä ornaşdyrmakda, olary döwrebaplaşdyrmakda we kämilleşdirmekde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahatynyň ähmiýetini aýratyn bellemek gerek. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi il agzybirliginiň, milli döwletliligiň ýene bir aýdyň mysaly bolar. Munuň özi halkymyzyň «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen paýhasly ýörelgä ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsi bolup durýar. Şeýle asylly ýörelgeler ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ynsanperwer döwlet syýasatynyň mizemez binýadyny düzýär.

«Ak altynly» kerweniň uzap barýar hatary

Daýhanyňky ýer bilen. Onuň ähli aladasy, öňde goýýan maksady möwsümleýin oba hojalyk işleriniň her birini öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirmek arkaly tohum ekip, ondan bol hasyl almakdan ybarat. Bu asylly maksat onuň goluna, biline kuwwat berýär, kalbyna ganat bagladýar. Şonuň üçin ol ähli yhlasyny, zähmetini ene topraga bagyş edýär. «Daýhan mert — ýer jomart» diýleni. Toprak daýhanyň yhlasyna, zähmetine görä bereket eçilýär. Muňa biz şu ýyl edermen gallaçylarymyzyň ajaýyp zähmet üstünlikleriniň mysalynda aýdyň göz ýetirdik. Ynha, ýurdumyzyň pagtaçy daýhanlary hem ýeňlerini çyzgap, pagta ýygymyna girişdiler. Häzirlikçe olar üçin arzyly pellehana heniz öňde. Pagta ýygymyna ýaňy badalga berildi.

Bagbany bagyndan tana!

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, özümizde ösdürilip ýetişdirilýän miweli baglaryň hasabyna azyk bolçulygyna saldamly goşant goşmak baradaky aladalaryna oba adamlary hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şolaryň biri hem Dänew etrabynyň Isbaz geňeşliginiň Isbaz obasynyň ýaşaýjysy, tejribeli bagban, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Tursunbaý Ýusupowdyr. Tejribeli bagbanyň ýetişdiren bagy tüýs rowaýatlarda tarypy ýetirilýän baglara çalymdaş. Göreniň gözi eglenýän bu bag şeýle bir arassa, ýekeje-de guran şaha ýa-da daragt tapaýmarsyň. Düýpleri hem endigan agardylan. Elbetde, munuň aňyrsynda bagbanyň ýadamazaklygy, zähmete bolan çäksiz söýgüsi ýatyr. Halal zähmeti bilen obadaşlarynyň arasynda uly hormata eýe bolan Tursunbaý bagban bilen miweli baglary ösdürip ýetişdirmek dogrusyndaky eden söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. — Tursunbaý, tüweleme, bagyňyzy synlap, berekediň adam elinden önýändigine ýene bir ýola göz ýetirdik. Şunuň ýaly miweli bagy döretmek üçin nämeler etmeli, şular barada aýdaýsaňyz?!

«Baglarymda iýmiş bişdi...»

Bereketli türkmen topragynyň üstünde bitýän naz-nygmatlar gözüňi dokundyrýar. Yhlasyňy siňdirip ýere sepen ýekeje tohumyň, şänigiň müňläp hasyl eçilýär. Toprak seniň oňa bakyşyňdan, eliňe pil alyp tekizleýşiňden, tohum sepişiňden, suwaryşyňdan içki pikiriňi, yhlasyňy aňýar, seniň bilen sessiz sözleşýär. Yhlasyňa görä jogap berýär. Üstünden erenler hasasyny dürtüp, rysgal-döwlet paýlap geçen, ene mähriniň yssysyny ýada salýan sahawatly ýeriň «ene toprak» diýlip, ezizlenmesiniň gözbaşy şol düşünjelerden gaýdýan bolmaly. Bular barada ýaş bagban Mähriban Öwezmyradowa bilen duşuşanymyzda köp pikir alyşdyk. — Men Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Görelde obasynda doguldym. Oba ýerinde önüp-ösemsoň, gözümi açyp görenim ekerançylyk meýdanydy, sebäbi gapymyzdaky mellek ýerimizde güller, baglar ekilgidi. Kakamyň olara hyzmat edişini görüp, doganlarym bilen gülleri suwarardym, baglarda miwe bişse, ýygyşardym. Ene toprak bilen iş salyşmak ruhuňy galkyndyrýar — diýip, Mähriban gürrüňe başlady.

Ak hanalar açylýar, berekedini eçilýär

1998-nji ýylda Haýytgül orta mekdebiň ahyrky synpynda okaýardy. Bir gün sapakda türkmen dili we edebiýat mugallymy: «Sen geljekde kim bolmakçy?» diýen sowaly orta atdy. Kim lukman, kim mugallym, kim inžener, kim hasapçy bolmaga höwes bildirdi. Gezek Haýytgüle ýetende: «Men kärendeçi daýhan boljak. Çünki ata-babalarymyz ene toprakdan rysgal-döwlet tapypdyrlar» diýdi. Onuň bu aýdanlaryny mugallym-da, okuwçylar-da makulladylar. Orta mekdebi tamamlandan soň, ol Saýat etrabynyň «Çekiç» daýhan birleşiginiň 6-njy kärendeçiler toparynyň ekin meýdanyna geldi. Ony gören kärendeçiler: — Tüweleme, Haýytgül, biziň aramyzda bolmakçymy — diýdiler. Gyzyň jogaby nagt boldy.

Gaýtmyşym (Hekaýa)

Agtygy Nowruzyň getiren zatlary öň görülmedikdendi. Ýok, birküç gezek telewizorda görende, öňe-öňe omzap, «Bäý-bä, gör-äý, muny! Adam diýeniň kellesine geliberýän zatlary» diýeni ýadynda. Ynha, indi synlajakmy, elläp görjekmi, näme hezillik döredýänini biljekmi, ygtyýar özüňde. — Bilýäň-ä, kaka, oba Medeniýet öýümizde drama gurnagynyň bardygyny, oňa halk teatry diýseňem boljak.

Tokaýlar hakda gyzykly maglumatlar

— Sibir taýgasy dünýädäki iň uly tokaýdyr. — Finlýandiýanyň çäginiň 70 göterimden gowragy tokaý bilen gurşalandyr.

Meýletinçiler Elbrusda

Meýletinçileriň 1 müň 500-den gowragy Elbrus dagynyň etegini zibilden arassaladylar. Kabardin-Balkariýada «Arassa dag» ady bilen ekologiýa festiwaly geçirildi. Düýpli arassalaýyş işleri dagda deňiz derejesinden dört müň metre çenli belentliklerde geçirildi. Her bir meýletinçä işlemek üçin ýer bölünip berildi we dagda hereket etmegiň düzgünleri öwredildi. Şeýle hem, Ýewropadaky iň uly dag belentliginiň ekologiýasyny goramagyň wajypdygy düşündirildi.

Gant şugundyry düşewüntli ekin

Garagum etrabynyň hasyl ussatlary ýerleriň medeniýetini ýokarlandyrmak, hasyllylygyny artdyrmak maksady bilen, ekin dolanyşygyna aýratyn üns berýärler. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda etrap boýunça bugdaýdan boşan ýerleriň 6 müň gektaryna aralyk ekin bolan gant şugundyryny ekip, ýokary gögeriş gazandylar. Gant şugundyry ekilen meýdanlary haşal otlardan arassalamak, ekinleri zyýankeşlerden goramak işleri hem gyzgalaňly dowam etdirilýär. Bu işler etrabyň «Ak altyn», «Baýramaly» daýhan birleşiklerinde «Erkin sähra», «Erkin toprak» daýhan hojalyklarynda ýokary guramaçylykly alnyp barylýar. Bir ýylda ýerden iki hasyl alynmagy, bir tarapdan ýeriň düşewüntliligini artdyrsa, ikinjiden, topragy gurplandyrýandygyna öz iş tejribelerinde göz ýetirýän garagumly daýhanlar ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda etrap boýunça 6 müň gektar ýere gant şugundyryny ekip, 75 müň 120 tonna hasyl almaklygy meýilleşdirýärler.

Daýhan yhlasy

4-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berdi. Şol gün welaýatymyzda bugdaý ekişine girişilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Soňra Gyzylarbat etrabynyň «Batly mülkdar» daýhan hojalygynyň ekin meýdanynda bugdaý ekişine badalga berilmegi mynasybetli dabara ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň sargydyna eýerilip hem-de asylly däbe görä, il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen bugdaý ekişine guramaçylykly girişildi.

Ýaş daýhanyň yhlasly zähmeti

Köneürgenç etrabynyň «Kyrkgyz» daýhan birleşiginde topraga bagry badaşan, ondan döwlet tapýan kärendeçiler näçe diýseň bar. Şolaryň hatarynda Daýanç Saparowy bellemek bolar. Daýanç ýaşdygyna garamazdan, işiň abyny-tabyny ele alan kärendeçi. Ol öňki ýyllarda diňe bugdaý, gowaça ekip bol hasyl alan bolsa, häzirki wagtda gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirip, ak bazarlarymyzyň bu önümlerden doly bolmagyna özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Ýakynda biz Daýanç Saparow bilen iş üstünde duşuşyp, söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi: – Men her ýyl «Kyrkgyz» daýhan birleşiginiň çäginde kärendesine alan 35 gektar ýerimde bugdaý, 22 gektar ýerde bolsa gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirdim. Şu ýyl Watan harmanyna 35 gektar ýerden 148 tonna galla hasylyny tabşyryp, meýilnamany 200 göterim berjaý etdim. Şu günler güýzlük bugdaý ekişine hem-de pagta ýygymyna guramaçylykly  girişdik. Şeýle hem  kärende ýerimiň 4 gektarynda gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýäris. Çeken yhlasly zähmetimiň netijesinde gawundyr garpyzyň, pomidordyr soganyň we beýleki gök-bakja önümleriň bol hasyly kemala geldi. Häzirki wagtda bu önümleri ak bazarda ilata elýeterli bahalardan hödürleýäris. Bize yhlasly zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!

Daýhan hereketi – hasyl berekedi

Mary etrabynyň G.Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň üzüm baglary 13 gektara çenli uzalyp gidýär. Häzirki wagtda daýhan birleşiginiň edermen daýhanlary üzümiň ýokary hasyl berýän görnüşleriniň 20 müňden gowrak düýbüni ýetişdirip, bol hasyl alýarlar. Bu ýerde üzümiň, esasan, terbaş, ak üzüm, gara üzüm ýaly görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Tejribeli daýhanlaryň aýdyşy ýaly, her gektardan ortaça 20–25 tonna çenli hasyl alynýar. Daýhan birleşiginiň Merdan Orazgulyýew, Geldi Aşyrow, Altymuhammet Nurberdiýew ýaly kärendeçileri üzümden bol hasyl almakda beýlekilere görelde bolýarlar. Olar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyna mynasyp sowgatly barmagy ýüreklerinde besleýärler. Munuň üçin bolsa şu günler üzümi köpçülikleýin ýygyp, has öndürijilikli zähmet çekýärler. Olar ilatymyzy bütin ýylyň dowamynda ter miweler we ir-iýmişler bilen üpjün etmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il bähbitli, döwlet ähmiýetli başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuwlaýarlar.

Şu gün ýurdumyzda pagta ýygymyna girişilýär

9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Şähergurluşygy: nusgalyk işleriň beýany

7-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şol gün bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we häkim G.Mämmedowa Gahryman Arkadagymyzy uly hormat bilen garşyladylar hem-de häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

«Akylly» şäher — 3 baýragyň eýesi

Ýakynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden taryhy çözgütlerine laýyklykda, «World Smart City Expo» atly halkara sergä gatnaşmak hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde gulluk iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde wekiliýet agzalary myhmanlary Arkadag şäherine bagyşlanan sergi bölümi bilen tanyşdyrdylar.

Ak bagta buşlukdyr her bir daňymyz, Dünýä dolýar şöhratymyz, şanymyz!

Umumadamzat ähmiýetli kararnama kabul edildi Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 6-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna esaslanýan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi halkara jemgyýetçilik tarapyndan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere berlen ýokary bahadyr.

Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlary

8-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Iş saparynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy.