"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Resmi habarlar gysga setirlerde

6-njy maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimize öwezini dolup bolmajak ýitgi — kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek çuňňur gynanjyny bildirdi we tutuş hytaý halkynyň adyndan duýgudaşlyk sözlerini beýan edip, sabyr-takatlylyk arzuw etdi.

Täzelikler

Halajyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük egriji fabriginiň önümlerine isleg bildirýänleriň hataryna Ermenistan döwleti hem goşuldy. Bu bolsa fabrigiň işgärleriniň önümiň hiline aýratyn üns berýändiklerini görkezýär.Fabrigiň işçileri şu ýylyň başyndan bäri 14 million 918 müň 519 manatlyk önüm öndürdiler. Nah ýüplük önümleriniň 10 million 151 müň 179 manatlygy eksporta ugradyldy. Bu bolsa eksportyň ösýändigini görkezýär. Önümlere Russiýa, Türkiýe, Polşa ýaly ýurtlar we dünýä meşhur firmalaryň onlarçasy aýratyn uly isleg bildirýärler. * * *

Döwrüň talabyndan ugur alyp

Her güni ýeňişlere beslenýän Diýarymyzda syýasy partiýalar, iri jemgyýetçilik guramalary ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik güýjüniň bir bölegine öwrüldi. Olaryň alyp barýan işleri hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, berkarar döwletimizde agzybirligiň, jebisligiň höküm sürmegine, işleriň sazlaşykly alnyp barylmagyna örän oňaýly täsir edýär. Biziň partiýa işgärlerimiz-de, guramaçylarymyz-da Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlaryny wagyz etmekde, milli maksatnamalarymyzyň many-mazmunyny giň halk köpçüligine düşündirmekde, olaryň ýerine ýetirilmegine ýardam bermekde işleri döwrüň talabyna laýyk guraýarlar. Döwrebap iş usullaryny öwrenmekde, olary durmuşa ornaşdyrmakda, raýatlaryň agzybirligini we jebisligini berkitmekde täzeçe işleri guramaklygy etrap komiteti öz öňünde wezipe edip goýdy. Bular dogrusynda ýakynda ilkinji partiýa guramalarynyň başlyklarynyň we olaryň orunbasarlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen etrap partiýa sagadynda hem aýratyn durlup geçildi. Onda milli Liderimiziň il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutumlaryny, täze başlangyçlaryny giň halk köpçüligine düşündirmek, wagyz-nesihat etmek hem-de TDP-niň hataryny ösdürmek, ony guramaçylyk taýdan pugtalandyrmak, ilkinji partiýa guramalarynyň işlerini has-da kämilleşdirmek meselelerine aýratyn seredildi. Şeýle-de etrap partiýa komitetinde hem-de ilkinji partiýa guramalarynda alnyp barylýan işler hem-

Minomýotçy esgeri ýatlap…

Dünýäni gopguna salan urşuň tamamlananyna 76 ýyl boldy. Emma aradan näçe wagt geçse-de, ol hakyndaky ýüregiňi para-para edýän ýatlamalar egsiler ýaly däl. Mundan 79 ýyl öň: «Biz Ýeňiş bilen dolanarys» diýip, Watan goragyna giden ýigitleriň arasynda Saýat etrabynyň Bujak obasynyň ýaşaýjysy Bazar Inatyllaýew hem bardy. Ýaş ýigit jeň meýdanyna Pribaltika frontunda girişipdir, kiçi seržant çini bilen minomýot atyjylar toparynyň kiçi serkerdesi bolupdyr. Türkmen ýigidi Tula, Stalingrad, Donesk şäherlerini, Belarus Respublikasynyň oba-şäherlerini azat etmek ugrundaky söweşlere gatnaşypdyr. Ol Ýeňiş gününiň buşlugyny Litwada garşylapdyr. Şol ýerde bolan gazaply söweşleriň birinde. Bazar aga görkezen edermenlikleri üçin III derejeli «Şöhrat» ordenine, «Edermenlik» medalyna we başga-da birnäçe sylaga mynasyp bolupdyr.

Mert­li­giň unu­dyl­ma­jak mek­de­bi

Ba­ky oduň ba­şyn­daBa­ky low­lap ýan­ýan oduň ba­şy­nyňMä­re­ke­si ke­me­le­nok hiç wagt.Ylaý­ta-da toý-baý­ram­ly gün­ler­deAdam­lar gül goý­ýar no­bat­ma-no­bat. Go­ja, ju­wan hem ça­ga­lar, aga­larHor­mat bi­len, eda bi­len gel­ýär­ler.Ka­sam içip gah­ry­man­laň öňün­deBa­şyn egip, az wagt­lyk dym­ýar­lar.

Ýüpekçileriň zähmet joşguny

Häzir oba hojalygynda möhüm möwsüm dowam edýär. Zähmetkeş oba ilaty ýüpek gurçugyny idedýär. Bu işe Hojambaz etrabynyň ýüpekçileri hem yhlas bilen goşant goşýarlar. Mundan birnäçe gün ozal etrap boýunça 2487 kärendeçä 2466 gap ýüpek gurçugy paýlanylyp berlipdi. Eýýäm gurçuklaryň aglabasy saryma durdy. Nesip bolsa, sanlyja günlerden etrapdaky pile kabul ediş nokatlaryna ilkinji kilogramlar baryp başlar. Ýerlerde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, hojambazly ýüpekçileriň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynda 97 tonna çig pile tabşyrmak baradaky borçnamasyny abraý bilen berjaý etjekdiklerine ynamyň artýar.

Körpe bilgirjeler bäsleşdiler

Ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, başarjaň, ukyply çagalary ýüze çykarmak maksadyndan ugur alyp, Serdar şäher bilim bölümi bilen bilelikde şäherdäki çagalar baglarynyň körpeleriniň arasynda «Körpe bilgirjeler» ady bilen bäsleşik geçirdik. Şäherdäki 15-nji çagalar bagynda geçirilen bäsleşikde körpeler türkmen, rus, iňlis dillerinde goşgulary hem-de aýdymlary ýerine ýetirdiler. Şol dillerden hem-de matematika dersi, tebigat bilen bagly taýýarlanan soraglara jogap bermekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň jemi jemlenilende, 16-njy çagalar bagynyň körpesi Amirhan Azizow baş baýraga, 13-nji «Älemgoşar» çagalar bagynyň körpesi Zeýnep Gulamanowa birinji, 2-nji «Gunça» çagalar bagynyň körpesi Baýramgeldi Amanmyradow hem-de 3-nji «Garaşsyz» çagalar bagynyň körpesi Ýazjemal Babaýewa ikinji, 6-njy «Serdar» çagalar bagynyň körpesi Sara Begmyradowa hem-de 15-nji çagalar bagynyň körpesi Resul Täçmämmedow üçünji orunlara mynasyp boldular.

Sazlaşykly ösüşleriň mekany

Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen häzirki wagtda telekeçileriň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda ägirt uly işleri alyp barýandyklaryny, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny, sport toplumlaryny hem-de durmuş maksatly köpsanly beýleki desgalary yzygiderli gurýandyklaryny we ulanyşa tabşyrýandyklaryny bellemek has-da buýsançlydyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda mähriban halkymyz Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyny toýlaýar. Sarsmaz binýadynda milletimiziň köpasyrlyk agzybirlik, abadançylyk, asudalyk, dost-doganlyk ýörelgeleri ýola goýlan kuwwatly döwletimiz täze belentliklere tarap ynamly gadam urýar. Berkarar Watanymyzyň ösüşlerinde halkymyzyň jebisligi, jemgyýetimiziň durnuklylygy, agzybirligi, adam hakyndaky aladanyň döwrümiziň ruhy tuguna öwrülendigi ähli aýdyňlygy bilen ýüze çykýar.

Ak şähere barsam, ýene bir görsem

Ýurdumyzyň iň täze taryhynda möhüm ähmiýete eýe bolan ajaýyp senelere — Aşgabadyň gününe hem-de ak mermerli paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna sanlyja gün galdy. Bu şanly seneler diňe bir türkmenistanlylarda däl, eýsem, daşary ýurtly raýatlarda hem uly gyzyklanma döredýär. Olar mähriban halkymyz bilen baýramçylyk şatlygyny deň paýlaşýarlar. Gazetimiziň şu sanyndan başlap, bu baýramçylyklar mynasybetli daşary ýurtlularyň ak şäherimiz baradaky makalalaryny çap edip başlaýarys. Awtorlar öz makalalarynda paýtagtymyz baradaky ýürek buýsançlaryny beýan edýärler hem-de Aşgabadyň özlerinde galdyran ýatdan çykmajak täsirleri barada gürrüň berýärler.  Ilki bilen onuň Alyhezretleri Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň halkyny 2021-nji ýylyň 25-nji maýynda bellenilýän Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Amerikaly dostlaryňyz we men «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň bütin dowamynda siziň ähliňize berk jan saglygyny, beýik üstünlikleriň ýar bolmagyny we ajaýyp gatnaşyklaryň dowamat dowam bolmagyny arzuw edýäris.

Deňi-taýy bolmadyk gymmatlygyň goragynda

Ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk, gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk toýuna taýýarlyk görülýän günlerde bütin halkymyzyň, aýratyn hem, ak ýektaýly lukmanlarymyzyň buýsançly başyny göge ýetiren ajaýyp pursatlaryň şaýady bolduk. 2021-nji ýylyň 8-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen satyn alnan, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan dikuçar zawodynyň önümi bolan «ANSAT» dikuçary paýtagtymyzyň lukmanlary we ýaşaýjylary üçin baýramçylyk sowgady boldy. Bu dikuçar şäher şertlerinde gaýragoýulmasyz tiz kömek hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, näsaglary ýöriteleşdirilen hassahanalara gysga wagtyň içinde eltmek üçin niýetlenendir. Dikuçar gaýragoýulmasyz reanimasion kömekleri bermek üçin iň kämil we döwrebap lukmançylyk enjamlary, lukmançylyk hajatly serişdeler bilen üpjün edilendir. Dikuçar şikes alan, şol sanda ýanyk şikesli näsaglara gönüden-göni ýerinde gyssaly lukmançylyk kömegini bermäge, keseli anyklamaga, näsagyň ýagdaýyna ýörite ornaşdyrylan monitorlaryň kömegi bilen gözegçilik etmäge, ýürek urşuny awtomatik usulda kesgitlemäge, zerurlyk ýüze çykanda ýüregiň gaýtadan işlemegini awtomatik usulda amala aşyrmaga niýetlenendir. Dikuçarda oturdylan emeli dem alyş enjamy, näsaglaryň ýaş aýratynlyklaryna, ýaňy doglan bäbejiklerden başlap, uly ýaşly adamlara laýyk gelýän emeli usulda kislorod berýän enjamlar wideolaringoskoplar, näsa

Aşgabadym – göwün şadym

Ýurdumyzyň paýtagt şäheri Aşgabat Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Aziýa sebitiniň göwher gaşyna deňelýär. Onuň sapaly seýilgählerini, asuda gök asmanyň astynda bir sapaga düzülen merjen daşlaryny ýatladýan ak mermerli binalaryny, aýna ýaly nurana ýollaryny synlanyňda, bagtyýar döwrümize bolan buýsanç duýgusyndan göwnüň guş bolup uçsam diýýär. Bagtyýarlygyň we parahatçylygyň mesgeni hökmünde ykrar edilen gözel Diýarymyzyň goýnunda binagär Arkadagymyzyň tagallasy bilen bina edilýän bu şäher ajaýyp sungat eserini ýatladýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda asudalygyň, dostlugyň we gözelligiň nyşany hasaplanýan Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly senesiniň bellenilýändigi bagtyýar halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy. Bu taryhy döwrüň içinde köp wakalary başdan geçiren ýurdumyzyň baş şäheri hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren bagtyýarlyk döwründe döwrebap keşbe eýe boldy. Onda bina edilen ençeme desgalaryň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi hem aýratyn guwandyryjy wakadyr.

Uzak ýaşlylaryň şäheri

Merjen şäherimiz Aşgabat söýginiň, tämizligiň, ylham-joşgunyň şäheri bolmak bilen birlikde, uzak ýaşlylaryň hem şäheridir. Şeýle-de eziz paýtagtymyz ýaşamak üçin iň oňaýly şäherleriň biridir. Samed Aliýew Beýik Watançylyk urşy başlanandan, ilkinjileriň hatarynda fronta gidýär. Ol 101-nji atyjylyk diwiziýasynda Smolenskini faşistik basybalyjylardan azat etmek ugrundaky söweşlere gatnaşýar. Samed aga birnäçe söweşjeň orden-medallaryň eýesi. Olaryň arasynda «Watançylyk urşy» ordeniniň I derejelisi hem-de «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş üçin» atly medal hem bar. Her ýylyň maý aýynda dabaraly bellenilýän Beýik Ýeňşiň baýramçylygynda Samed Aliýewe-de uruş weteranlarynyň arzyly hatarynda hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.

Paýtagtyň taryhynda söwda gatnaşyklary

Aşgabadyň taryhyndaky söwda gatnaşyklary, paýtagtymyzyň ykdysady taýdan ösüş ýoluna düşüşi hakynda dürli ylmy çeşmelerde gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Şolaryň hatarynda S.Agajanowyň «Gadymy Aşgabat», Ö.Gündogdyýewiň «Aşgabat — keramatly Ärsagyň şäheri», A.Hajyýewiň «Aşgabadyň arhitekturasy» atly ylmy işlerini görkezmek bolar. Şäherde söwda gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanmagy paýtagtyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň özgermegine mümkinçilik döredipdir. Alym Ö.Gündogdyýewiň «Aşgabat — keramatly Ärsagyň şäheri» atly kitabynda bellemegine görä, eýýäm 1881-nji ýylyň tomsunda täjirler satmak üçin şähere 4750 sany gara maly, 10 000 sany goýun, şonuň ýaly-da pagta getiripdirler.

Parahatçylyk we Bitaraplyk: ruhy gözbaşlar

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Haýsy asyr, haýsy zaman — parhy ýok, adamlar mydama parahat durmuşy isläpdirler, parahat durmuş halklara rahatlyk hem ösüş, bagt hem eşret beripdir. Parahatçylyga söýgi, abadan ýaşaýyş halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň pugtalanmagyna itergi beripdir» diýmek bilen, türkmen halkynyň taryhyň ähli döwürlerinde-de parahatçylygyň tarapdary bolandygyny anyk mysallar arkaly delillendirýär. Geçmişde Ýer ýüzüniň çar künjeginde kuwwatly döwletleri gurup, halklary agzybirlige we jebislige, parahatçylykly ýaşaýşa çagyran ata-babalarymyzyň bu ynsanperwer ýörelgeleri bu gün ýurdumyzyň daşary syýasatynda, dünýä döwletleri bilen gatnaşyklarynda häzirki zaman görnüşinde dowam etdirilýär. Taryhyň sahypalarynda türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjiligi dabaralandyrýan ýörelgelerine mysallar näçe diýseň bar.

Türkmen ruhunyň synmaz sütüni

Hormatly Prezidentimiz üstümizdäki ýylyň 12-nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky pelsepe älemini, XVII — XIX asyrlarda türkmen durmuşyna ýetiren uly täsirini ylmy esasda öwrenmek, onuň döredijiliginiň türkmen, şol sanda tutuş Gündogaryň ylmy-medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygyny döwrebap sanly tehnologiýalaryň üsti bilen açyp görkezmek, şahyrana dünýäsine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek hem-de beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde bellemek maksady bilen, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede guramaçylykly bellenilip geçiler. Hormatly Prezidentimiz beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde bellemek maksady bilen, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede guramaçylykly bellenilip geçiler.

Belent ruha beslenen festiwal

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýokary, ýörite orta sazçylyk we ýörite sungat okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň, çagalar sungat mekdepleriniň hor toparlarynyň hem-de saz bilimi bolan wokal aýdymçylaryň arasynda yglan edilen «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň owazy» atly festiwalyň ýapylyş dabarasy boldy.ş

Sahawatly aýyň nury

Haýyr — bereket Gündogarda belli bolan «Ajaýyplyklaryň düri» atly kitapda: «Her kim bir mömine don berse, ony geýen musulman bolsa, namaz-orazanyň haýryndan ol bendä Haktagala näçe köp sogap berse, don berene hem tä ol tozup ýok bolýança, şonça sogap berer. Her kim mömine tagam berse, ol bende ol tagamyň kuwwaty gidýänçä tagat etse, Haktagala ol bendä näçe sogap berse, tagam berene-de şol sogaby berer» diýip ýazylypdyr. Gadymy kitapda beýan edilişi ýaly, asyrlaryň dowamynda kemala gelen adamzat durmuşyny düzgünleşdirýän, medeniýetleşdirýän ýörelgeleriň biri-de haýyr-sahawatlylyk ýörelgeleridir. «Haýyr — bereket, nur — rehnet» diýýän dana halkymyz haýyr-sahawatlylygyň düýp özenini hoşniýetli gatnaşykda, birek-birege ynanyşmakda, mätäje goldaw, ýakyn-ýada hemaýat bermekde görüpdir. Pederlerimiziň bu asylly däbi häzirki wagtda-da mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary hem içeri syýasaty hut şu ýörelgelere esaslanýar. Biziň ruhy ýörelgelerimiz, ilki bilen, agzybirlikde, jebislikde jemlenendir. Çünki agzybirlik — türkmeniň baş ýörelgesi. Dünýä halklary biziň agzybirlik ýörelgämize, onuň başynda duran eziz Arkadagymyza uly hormat goýýar. Sebäbi milli Liderimiziň her bir amala aşyrýan döwletli işiniň aňyrsynda halkyň bähbidi, adamzadyň abadan durmuşy dur.

Remezan diýerler aýyň ýagşysyn

Oraza tutýanlar agyz açanda, çakdanaşa ýagly, agyr we gurak naharlary iýmekden saklanmaly. * * *

Aşgabat

Degre-daşyň gül-gülşenli baglydyr,Gijeleriň ajap seýil çaglydyr,Ak ýollaň ak bagtdan — nurdan doludyr,Säherleriň şeýle sergin, Aşgabat, Arkadagly ak şäherim Aşgabat.Seýle çykar gyz-gelinler şaýlanyp,Göwünler alaýaz, günler toýlanyp,Bedew bady bilen öňe saýlanyp,

Paýtagt şäherimiz — döwletliligiň nyşany

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny nazara almak bilen, ýurdumyzyň şäher gurluşygynyň derejesi çalt depginlerde ösýär. Ata Watanymyzyň milli Garaşsyzlygyna eýe bolmagy ähli ugurlar bilen bir hatarda, paýtagt şäherimiz Aşgabadyň binagärlik keşbini düýpli özgertmäge giň şertleri döretdi. Ak mermerli Aşgabat sebitiň we dünýäniň owadan şäheri hem-de özara bähbitli, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň, işewür duşuşyklary geçirmegiň amatly merkezi hökmünde ykrar edildi. Döwrebaplygyň hem milliligiň özboluşly sazlaşygyny özünde jemleýän paýtagtyň iri desgalary döwletiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni ulgamlarynda öňde goýan wezipelerini, maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmagyň ajaýyp keşbini emele getirýär. Şu ýylyň 18-nji ýanwarynda Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň ajaýyp künjeginde dünýä belli «Bouygues Batiment International» fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan Maslahatlar merkeziniň, şeýle-de gurluşygy dowam edýän kaşaň «Arkadag» myhmanhanasynyň we Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanşyp, bu iri desgalaryň şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna halkymyz üçin ajaýyp sowgat bolmalydygyny belledi. 28-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 14