Ýüpekçileriň zähmet joşguny

7 Maý 2021
719

Häzir oba hojalygynda möhüm möwsüm dowam edýär. Zähmetkeş oba ilaty ýüpek gurçugyny idedýär. Bu işe Hojambaz etrabynyň ýüpekçileri hem yhlas bilen goşant goşýarlar.

Mundan birnäçe gün ozal etrap boýunça 2487 kärendeçä 2466 gap ýüpek gurçugy paýlanylyp berlipdi. Eýýäm gurçuklaryň aglabasy saryma durdy. Nesip bolsa, sanlyja günlerden etrapdaky pile kabul ediş nokatlaryna ilkinji kilogramlar baryp başlar. Ýerlerde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, hojambazly ýüpekçileriň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynda 97 tonna çig pile tabşyrmak baradaky borçnamasyny abraý bilen berjaý etjekdiklerine ynamyň artýar.

Sähetmyrat JORAÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Hojambaz etrap birleşmesiniň başlygy.