Döwrüň talabyndan ugur alyp

7 Maý 2021
674

Her güni ýeňişlere beslenýän Diýarymyzda syýasy partiýalar, iri jemgyýetçilik guramalary ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik güýjüniň bir bölegine öwrüldi. Olaryň alyp barýan işleri hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, berkarar döwletimizde agzybirligiň, jebisligiň höküm sürmegine, işleriň sazlaşykly alnyp barylmagyna örän oňaýly täsir edýär. Biziň partiýa işgärlerimiz-de, guramaçylarymyz-da Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlaryny wagyz etmekde, milli maksatnamalarymyzyň many-mazmunyny giň halk köpçüligine düşündirmekde, olaryň ýerine ýetirilmegine ýardam bermekde işleri döwrüň talabyna laýyk guraýarlar. Döwrebap iş usullaryny öwrenmekde, olary durmuşa ornaşdyrmakda, raýatlaryň agzybirligini we jebisligini berkitmekde täzeçe işleri guramaklygy etrap komiteti öz öňünde wezipe edip goýdy. Bular dogrusynda ýakynda ilkinji partiýa guramalarynyň başlyklarynyň we olaryň orunbasarlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen etrap partiýa sagadynda hem aýratyn durlup geçildi. Onda milli Liderimiziň il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutumlaryny, täze başlangyçlaryny giň halk köpçüligine düşündirmek, wagyz-nesihat etmek hem-de TDP-niň hataryny ösdürmek, ony guramaçylyk taýdan pugtalandyrmak, ilkinji partiýa guramalarynyň işlerini has-da kämilleşdirmek meselelerine aýratyn seredildi. Şeýle-de etrap partiýa komitetinde hem-de ilkinji partiýa guramalarynda alnyp barylýan işler hem-de ýerine ýetirilmeli çäreler barada nygtaldy.

Partiýa sagadynda edilen çykyşlarda TDP-niň syýasy geňeşiniň we welaýat komitetiniň kabul eden kararlarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklara, şanly senelere ýerlerde taýýarlyk görlüşi barada hasabatlar diňlenildi. Şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýini we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak, degişli baýramçylyk çärelerini guramaga ýardam etmek boýunça öňde durýan wezipeler barada pikir alşyldy.

Saýýara JUMADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.