Paýtagtyň taryhynda söwda gatnaşyklary

7 Maý 2021
835

Aşgabadyň taryhyndaky söwda gatnaşyklary, paýtagtymyzyň ykdysady taýdan ösüş ýoluna düşüşi hakynda dürli ylmy çeşmelerde gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Şolaryň hatarynda S.Agajanowyň «Gadymy Aşgabat», Ö.Gündogdyýewiň «Aşgabat — keramatly Ärsagyň şäheri», A.Hajyýewiň «Aşgabadyň arhitekturasy» atly ylmy işlerini görkezmek bolar.

Şäherde söwda gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanmagy paýtagtyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň özgermegine mümkinçilik döredipdir. Alym Ö.Gündogdyýewiň «Aşgabat — keramatly Ärsagyň şäheri» atly kitabynda bellemegine görä, eýýäm 1881-nji ýylyň tomsunda täjirler satmak üçin şähere 4750 sany gara maly, 10 000 sany goýun, şonuň ýaly-da pagta getiripdirler.

Serdar AKGAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.