Ak şähere barsam, ýene bir görsem

7 Maý 2021
694

Ýurdumyzyň iň täze taryhynda möhüm ähmiýete eýe bolan ajaýyp senelere — Aşgabadyň gününe hem-de ak mermerli paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna sanlyja gün galdy. Bu şanly seneler diňe bir türkmenistanlylarda däl, eýsem, daşary ýurtly raýatlarda hem uly gyzyklanma döredýär. Olar mähriban halkymyz bilen baýramçylyk şatlygyny deň paýlaşýarlar. Gazetimiziň şu sanyndan başlap, bu baýramçylyklar mynasybetli daşary ýurtlularyň ak şäherimiz baradaky makalalaryny çap edip başlaýarys. Awtorlar öz makalalarynda paýtagtymyz baradaky ýürek buýsançlaryny beýan edýärler hem-de Aşgabadyň özlerinde galdyran ýatdan çykmajak täsirleri barada gürrüň berýärler. 

Ilki bilen onuň Alyhezretleri Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň halkyny 2021-nji ýylyň 25-nji maýynda bellenilýän Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Amerikaly dostlaryňyz we men «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň bütin dowamynda siziň ähliňize berk jan saglygyny, beýik üstünlikleriň ýar bolmagyny we ajaýyp gatnaşyklaryň dowamat dowam bolmagyny arzuw edýäris.

Kirt EDWARDS,
Amerikanyň Birleşen Ştatlary.