Minomýotçy esgeri ýatlap…

7 Maý 2021
979

Dünýäni gopguna salan urşuň tamamlananyna 76 ýyl boldy. Emma aradan näçe wagt geçse-de, ol hakyndaky ýüregiňi para-para edýän ýatlamalar egsiler ýaly däl.

Mundan 79 ýyl öň: «Biz Ýeňiş bilen dolanarys» diýip, Watan goragyna giden ýigitleriň arasynda Saýat etrabynyň Bujak obasynyň ýaşaýjysy Bazar Inatyllaýew hem bardy. Ýaş ýigit jeň meýdanyna Pribaltika frontunda girişipdir, kiçi seržant çini bilen minomýot atyjylar toparynyň kiçi serkerdesi bolupdyr. Türkmen ýigidi Tula, Stalingrad, Donesk şäherlerini, Belarus Respublikasynyň oba-şäherlerini azat etmek ugrundaky söweşlere gatnaşypdyr. Ol Ýeňiş gününiň buşlugyny Litwada garşylapdyr. Şol ýerde bolan gazaply söweşleriň birinde. Bazar aga görkezen edermenlikleri üçin III derejeli «Şöhrat» ordenine, «Edermenlik» medalyna we başga-da birnäçe sylaga mynasyp bolupdyr.

Bahar JUMANAZAROWA,
ýörite habarçymyz.