Uzak ýaşlylaryň şäheri

7 Maý 2021
779

Merjen şäherimiz Aşgabat söýginiň, tämizligiň, ylham-joşgunyň şäheri bolmak bilen birlikde, uzak ýaşlylaryň hem şäheridir. Şeýle-de eziz paýtagtymyz ýaşamak üçin iň oňaýly şäherleriň biridir.

Samed Aliýew Beýik Watançylyk urşy başlanandan, ilkinjileriň hatarynda fronta gidýär. Ol 101-nji atyjylyk diwiziýasynda Smolenskini faşistik basybalyjylardan azat etmek ugrundaky söweşlere gatnaşýar. Samed aga birnäçe söweşjeň orden-medallaryň eýesi. Olaryň arasynda «Watançylyk urşy» ordeniniň I derejelisi hem-de «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş üçin» atly medal hem bar. Her ýylyň maý aýynda dabaraly bellenilýän Beýik Ýeňşiň baýramçylygynda Samed Aliýewe-de uruş weteranlarynyň arzyly hatarynda hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.

Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan».