Sazlaşykly ösüşleriň mekany

7 Maý 2021
802

Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen häzirki wagtda telekeçileriň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda ägirt uly işleri alyp barýandyklaryny, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny, sport toplumlaryny hem-de durmuş maksatly köpsanly beýleki desgalary yzygiderli gurýandyklaryny we ulanyşa tabşyrýandyklaryny bellemek has-da buýsançlydyr.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda mähriban halkymyz Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyny toýlaýar. Sarsmaz binýadynda milletimiziň köpasyrlyk agzybirlik, abadançylyk, asudalyk, dost-doganlyk ýörelgeleri ýola goýlan kuwwatly döwletimiz täze belentliklere tarap ynamly gadam urýar. Berkarar Watanymyzyň ösüşlerinde halkymyzyň jebisligi, jemgyýetimiziň durnuklylygy, agzybirligi, adam hakyndaky aladanyň döwrümiziň ruhy tuguna öwrülendigi ähli aýdyňlygy bilen ýüze çykýar.

Aziza IŞBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.