Parahatçylyk we Bitaraplyk: ruhy gözbaşlar

7 Maý 2021
807

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Haýsy asyr, haýsy zaman — parhy ýok, adamlar mydama parahat durmuşy isläpdirler, parahat durmuş halklara rahatlyk hem ösüş, bagt hem eşret beripdir. Parahatçylyga söýgi, abadan ýaşaýyş halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň pugtalanmagyna itergi beripdir» diýmek bilen, türkmen halkynyň taryhyň ähli döwürlerinde-de parahatçylygyň tarapdary bolandygyny anyk mysallar arkaly delillendirýär.

Geçmişde Ýer ýüzüniň çar künjeginde kuwwatly döwletleri gurup, halklary agzybirlige we jebislige, parahatçylykly ýaşaýşa çagyran ata-babalarymyzyň bu ynsanperwer ýörelgeleri bu gün ýurdumyzyň daşary syýasatynda, dünýä döwletleri bilen gatnaşyklarynda häzirki zaman görnüşinde dowam etdirilýär. Taryhyň sahypalarynda türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjiligi dabaralandyrýan ýörelgelerine mysallar näçe diýseň bar.

Orazpolat EKÄÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty.