Aşgabadym – göwün şadym

7 Maý 2021
690

Ýurdumyzyň paýtagt şäheri Aşgabat Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Aziýa sebitiniň göwher gaşyna deňelýär. Onuň sapaly seýilgählerini, asuda gök asmanyň astynda bir sapaga düzülen merjen daşlaryny ýatladýan ak mermerli binalaryny, aýna ýaly nurana ýollaryny synlanyňda, bagtyýar döwrümize bolan buýsanç duýgusyndan göwnüň guş bolup uçsam diýýär. Bagtyýarlygyň we parahatçylygyň mesgeni hökmünde ykrar edilen gözel Diýarymyzyň goýnunda binagär Arkadagymyzyň tagallasy bilen bina edilýän bu şäher ajaýyp sungat eserini ýatladýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda asudalygyň, dostlugyň we gözelligiň nyşany hasaplanýan Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly senesiniň bellenilýändigi bagtyýar halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy. Bu taryhy döwrüň içinde köp wakalary başdan geçiren ýurdumyzyň baş şäheri hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren bagtyýarlyk döwründe döwrebap keşbe eýe boldy. Onda bina edilen ençeme desgalaryň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi hem aýratyn guwandyryjy wakadyr.

Ogulbagt HAMEDOWA.
TOHU.