Deňi-taýy bolmadyk gymmatlygyň goragynda

7 Maý 2021
798

Ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk, gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk toýuna taýýarlyk görülýän günlerde bütin halkymyzyň, aýratyn hem, ak ýektaýly lukmanlarymyzyň buýsançly başyny göge ýetiren ajaýyp pursatlaryň şaýady bolduk. 2021-nji ýylyň 8-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen satyn alnan, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan dikuçar zawodynyň önümi bolan «ANSAT» dikuçary paýtagtymyzyň lukmanlary we ýaşaýjylary üçin baýramçylyk sowgady boldy. Bu dikuçar şäher şertlerinde gaýragoýulmasyz tiz kömek hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, näsaglary ýöriteleşdirilen hassahanalara gysga wagtyň içinde eltmek üçin niýetlenendir. Dikuçar gaýragoýulmasyz reanimasion kömekleri bermek üçin iň kämil we döwrebap lukmançylyk enjamlary, lukmançylyk hajatly serişdeler bilen üpjün edilendir. Dikuçar şikes alan, şol sanda ýanyk şikesli näsaglara gönüden-göni ýerinde gyssaly lukmançylyk kömegini bermäge, keseli anyklamaga, näsagyň ýagdaýyna ýörite ornaşdyrylan monitorlaryň kömegi bilen gözegçilik etmäge, ýürek urşuny awtomatik usulda kesgitlemäge, zerurlyk ýüze çykanda ýüregiň gaýtadan işlemegini awtomatik usulda amala aşyrmaga niýetlenendir. Dikuçarda oturdylan emeli dem alyş enjamy, näsaglaryň ýaş aýratynlyklaryna, ýaňy doglan bäbejiklerden başlap, uly ýaşly adamlara laýyk gelýän emeli usulda kislorod berýän enjamlar wideolaringoskoplar, näsag hassahana eltilende hem onuň ýany bilen alyp gitmek üçin niýetlenendir. Şonuň ýaly hem gaýragoýulmasyz tiz lukmançylyk kömegini amala aşyrmaga niýetlenen bu dikuçar dem alyş ýollaryny nemlerden, suwuklyklardan arassalamaga niýetlenen sorujy enjamlar, şikes alan näsagyň bedeniniň gozganmazlygy üçin niýetlenen beden agzalaryny, şeýle hem oňurgalary seýiklemek üçin niýetlenen seýikleriň dürli görnüşleri, zerurlyk ýüze çykanda erginleri gyzdyrmak we sowatmak üçin ýöriteleşdirilen enjamlar, derman serişdelerini saklamak üçin ýörite gutujyklar, näsaglary hassahana eltmek üçin dürli kysymly zemmerler bilen hem üpjün edilen. Iň ýokary tizligi sagatda 275 kilometr, iň uzak aralygy 510 kilometr ýol geçmäge niýetlenen bu lukmançylyk dikuçary 1 näsagy gyssagly ýagdaýda ýöriteleşdirilen hassahana äkitmäge niýetlenendir.

Halkymyzyň saglygyny ýurdumyzyň baýlygyna deňeýän Arkadag Prezidentimize ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejelerine ýetirmek ugrunda alyp barýan işleri üçin alkyş aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun!

Begenç REJEPOW,
welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy.