Paýtagt şäherimiz — döwletliligiň nyşany

7 Maý 2021
740

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny nazara almak bilen, ýurdumyzyň şäher gurluşygynyň derejesi çalt depginlerde ösýär. Ata Watanymyzyň milli Garaşsyzlygyna eýe bolmagy ähli ugurlar bilen bir hatarda, paýtagt şäherimiz Aşgabadyň binagärlik keşbini düýpli özgertmäge giň şertleri döretdi. Ak mermerli Aşgabat sebitiň we dünýäniň owadan şäheri hem-de özara bähbitli, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň, işewür duşuşyklary geçirmegiň amatly merkezi hökmünde ykrar edildi. Döwrebaplygyň hem milliligiň özboluşly sazlaşygyny özünde jemleýän paýtagtyň iri desgalary döwletiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni ulgamlarynda öňde goýan wezipelerini, maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmagyň ajaýyp keşbini emele getirýär.

Şu ýylyň 18-nji ýanwarynda Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň ajaýyp künjeginde dünýä belli «Bouygues Batiment International» fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan Maslahatlar merkeziniň, şeýle-de gurluşygy dowam edýän kaşaň «Arkadag» myhmanhanasynyň we Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanşyp, bu iri desgalaryň şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna halkymyz üçin ajaýyp sowgat bolmalydygyny belledi. 28-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyny dabaraly belläp geçmäge taýýarlyk görlüşi bilen gyzyklanyp, bu senäni dabaralandyrmagyň maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, «Ak şäherim Aşgabat» monumentinde gözel paýtagtymyza bagyşlanan toý dabarasy geçiriler. Bu şanly baýramyň dabarasy paýtagtymyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýar.

Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.