"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Paýtagtymyz — ak bagtymyz

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hem-de Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary boldy. Olara Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, medeniýet ulgamynyň işgärleri, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabaralarynda çykyşlara giň orun berildi. Olarda bellenilişi ýaly, täze kitap hormatly Prezidentimiziň merjen paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli halkymyza beren ajaýyp sowgady boldy. Dörediji milli Liderimiziň ýiti zehininden, gün-günden özgerýän Aşgabadyň nurana keşbine bolan beýik söýgüsinden dörän bu kitap Watanymyzyň ýüregi hasaplanylýan gözel paýtagtymyzyň ajaýyp aýdym kimin belent waspnamasydyr. Onda “Aziýanyň merjen şäheri” diýlip bilinýän Aşgabadyň baý taryhy, şöhratly şu güni hem-de röwşen geljegi hakynda gyzykly maglumatlar esasynda, çeperden täsirli söhbet edilýär. Kitabyň Aşgabadyň dürli künjeklerinden düşürilen ýokary hilli fotosuratlar bilen bezelmegi bolsa ony okanyňda, soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň, egsilmez yhlasynyň netijesinde has-da gözel keşbe eýe bolýan, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan 11 gezek orun alan merjen pa

Gymmaty egsilmejek ruhy hazyna

YLHAM ÝAÝLASYNYŇ BOSSANY «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly seneleriniň giňden dabaralandyrylýan ajaýyp pursatlarynda hormatly Prezidentimiziň ýene-de bir täze — «Ak şäherim Aşgabat» atly eseri halkymyza gowuşdy. Toýlaryň-toýlara, baýramlaryň-baýramlara ulaşýan günlerinde bu ajaýyp kitap türkmen jemgyýeti üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylanyndan bäri başdan geçiren wakalaryny, häzirki bagtyýarlyk döwrümizde eýe bolan täze keşbini, bular baradaky ajaýyp maglumatlary özünde jemleýän bu täze eser ýurdumyzyň uludan-kiçi ähli raýatlary üçin gymmaty egsilmejek ruhy hazyna öwrüler.

Ak şäherim abadanlyk mesgeni

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy gözel paýtagtymyzyň düýbüniň tutulmagynyň 140 ýyllyk senesi bilen gabat gelýär. Bu gabat gelme tötänden däldir. Halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyran bu taryhy seneler biri-biri bilen umumy baglanyşyga eýedir. Ata Watanymyz Garaşsyzlygyna, özerkliligine eýe bolandan soň, pederlerimiziň milli ýörelgelerine esaslanýan Bitaraplyk syýasatyny öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn bitaraplyk syýasatynyň netijesinde, parahatçylygyň we abadanlygyň ýurdy hökmünde ykrar edilýän gözel Diýarymyzyň paýtagty dünýäniň ylalaşdyryjy merkezine öwrüldi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

7-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem döwletimiziň halkyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisini açyp, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.

Watanymyzyň ýüregidir Aşgabat

Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli welaýat Baş bilim müdirliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda Balkanabat şäherindäki 2-nji orta mekdepde bäsleşik geçirildi. «Watanymyzyň ýüregidir Aşgabat» ady bilen geçirilen bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, birinji tapgyryna şäheriň mekdep okuwçylary, ikinji tapgyryna bilim ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.

Kalbymyzda baky ýaşar adyňyz!

Müň dokuz ýüz kyrk bäşinji ýylyň bahar paslynyň ajaýyp gününde — 9-njy maýda gazanylan Ýeňişden bäri 76 ýyl geçdi. Her ýylyň Ýeňiş gününde halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän asylly däplerine laýyklykda, gazaply uruşda mertligiň, edermenligiň ajaýyp nusgasyny görkezen gerçekleri, tylda zähmet çeken garrylary, zenanlary, çagalygy nälet siňen urşa gabat gelen oglanjyklary hem gyzjagazlary, ýaş ýetginjekleri minnetdar nesil uly hormat bilen ýatlaýar. Ençeme halklaryň ýüreklerinde öçmejek yza goýan uruşda türkmen ýigitleri hem gaýduwsyzlyk görkezdiler. Olaryň mertligi, watansöýüjiligi biziň üçin ajaýyp mekdep bolup durýar. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gününe bagyşlanyp, welaýatymyzda dabaraly çäreleriň geçirilmegi, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna pul sowgadynyň hem-de gymmatbahaly sowgatlaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy şöhratly senäniň many-mazmunyny ýene bir gezek artdyrdy. Şeýle çärelerde halklaryň dostlugy, agzybirligi bilen gazanylan Ýeňiş, gerçekleriň söweş meýdanlarynda görkezen gahrymançylyklary, Watan öňünde bitiren hyzmatlary, tylda galanlaryň tutanýerli zähmeti barada nygtalyp, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda uruş weteranlarynyň, uruşda wepat bolanlaryň yzynda galan ýanýoldaşlarynyň,

Parahatçylyk we ynanyşmak ýoly

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi döwlet Baştutanymyzyň parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de sebit we ählumumy derejede durnukly ösüşi pugtalandyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiliginiň ykrar edýändiginiň subutnamasydyr. Milli Liderimiz öňüni alyş diplomatiýasynyň ösdürilmegini we berkidilmegini, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekde, parahatçylyga, raýdaşlyga hem-de sazlaşykly ösüşe ýetmekde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär. Dünýä ýurtlary hem-de halklary üçin örän uly ähmiýetli bolan asylly başlangyçlary öňe sürýän milli Liderimiziň başda durmagynda bu gün mähriban Watanymyzyň abraý-mertebesi arşa göterilip, şan-şöhraty bütin dünýä dolýar. Ýurdumyzyň ähli ugurlarynyň pajarlap ösmegi, köptaraplaýyn özgermegi, halkyň eşretli durmuşda ýaşamagy Gahryman Prezidentimiziň ynsanperwer, parahatçylyk söýüjilikli taglymatyndan gözbaş alýar. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä halklarynyň höwes bilen gelýän ýurduna, ak mermerden gözel paýtagtymyz, şeýle-de syýahatçylygyň dürdänesi bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy iri halkara forumlarynyň, işewür maslahatlaryň, se

Paýtagtymyz — özgertmeler mekany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Aşgabady ösdürmek boýunça bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda gurulýan ak mermerli binalar şäheriň gözelligine görk goşýar hem-de halkymyzyň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün edýär. Aşgabat — binagärlik sungatynyň dürdänesi. Bu ýerde gurlan we gurulýan desgalar, bir tarapdan, halkymyzyň milliligini alamatlandyrýan bolsa, beýleki tarapdan, bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň bedew bady bilen gazanýan ösüşlerini görkezýär. Aşgabat Aziýanyň merjeni hasaplanyp, Günüň tylla nuruna lowurdap şugla saçýan ak mermerli binalary göreni haýrana goýýar. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda uly dabaralar bilen 140 ýyllyk baýramy bellenilýän ak şäherimiz Aşgabat dünýä nusgalyk ösüşlere eýedir. Aşgabadyň Halkara howa menziliniň, Olimpiýa stadionynyň esasy bezegi bolan ahalteke bedewiniň çeper keşbiniň, Olimpiýa şäherçesiniň Sportuň suw görnüşleri merkeziniň we beýleki binalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi baş şäherimizde amala aşyrylýan özgertmeleriň tutuş dünýä üçin nusgalykdygyny aýdyň görkezýär.

Muzeýe guralan gezelenç

Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi, welaýat gümrükhanasy, welaýat Polisiýa müdirligi, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi «Kalbymyzda ýaşaýar dolanmadyk gerçekler» ady bilen çäre geçirdiler. Ýaş harby gullukçylaryň şöhratly taryhymyza, däp-dessurlarymyza, milli mirasymyza, geçmişde öçmejek yz goýan taryhy şahsyýetlerimize bolan söýgüsini we buýsanjyny artdyrmak maksady bilen guralan çärede Beýik Ýeňiş, türkmen esgerleriniň görkezen edermenligi, häzirki bagtyýar döwrümiz barada gürrüň edildi. Soňra harby gullukçylaryň muzeýe gezelenji guraldy. Olar şöhratly taryhymyzy, pederlerimiziň gahrymançylykly ýoluny, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleri şöhlelendirýän muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyş boldular.

Joşgunly ýaňlanan aýdymlar

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän ýaş höwesjeň aýdymçylaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Türkmenbaşy şäher tapgyry geçirildi. Oňa ýaş aýdymçylaryň ýedisi gatnaşdy. Olaryň hersi bir aýdymy joşgun bilen ýerine ýetirdi. Watanymyzy wasp edýän aýdymlar, şeýle hem halk aýdymlary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bäsleşikde çykyş eden aýdymçylaryň dördüsi — demirýolçy Mekan Gurbanow, şäher medeniýet merkeziniň höwesjeň aýdymçysy Amanmyrat Maýdyýew, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynyň höwesjeň aýdymçysy Baýgeldi Mämmetgurbanow, Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Döwletmyrat Arazow bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Işde hem durmuşda gymmatly gollanma

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserinde myhmansöýerlik, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, ynsaplylyk, ýaşlary zähmetiň üsti bilen terbiýelemek ýaly türkmen halkyna mahsus asylly häsiýetleriň, däp-dessurlaryň, ýörelgeleriň birgideni açylyp görkezilýär. Asyrlar boýy gymmatyny ýitirmän gelýän bu aýratynlyklar ýaşlar üçin terbiýe mekdebidir. «Dünýäde köp zat özgerýär, ynsaplylyk welin, ynsanyň hakyky adamlygyny aýan edýän ýörelge hökmünde müdimi ýaşaýar. Ol edil daragtyň öz kökünden nem alşy ýaly, asmandan inýän ak ýagyş kimin, ýürekden gaýdýan päkize arzuwlar bolup ýaşaýar» diýip, Gahryman Arkadagymyz kitabyň «Ynsaplylyk» diýen bölüminde belleýär. Her setiri çuň manyny özünde jemleýän eserde beýan edilýän hekaýatlar, rowaýatlar, tymsallar ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, olary ýokary ahlak sypatly adamlar edip kemala getirmekde nusgalyk ýörelge bolup hyzmat edýär. Biz hem çagalar bagynda guraýan çärelerimizde, sapaklarymyzda mähriban Arkadagymyzyň eserlerinden, şol sanda «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabyndan peýdalanýarys. Çünki mähriban Arkadagymyzyň çuň many-mazmuna ýugrulan her bir eseri işde-de, durmuşda-da gymmatly gollanmadyr.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy. * * *Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmaga borçly edildi.* * *Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň ýolbaşçylary bellenildi.* * *Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de «Merkezi Aziýa — Hytaý» döwletleriniň daşary işler ministrleriniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekiliýetini

Täzelikler

Söwda dükanlarynda we bazarlarda ýarym kakadylan birinji derejeli «Daşrabat», «Hazar», «Aşgabat», «Köýtendag» ýaly şöhlat önümleriniň gaýnadylan görnüşleri, guş etinden taýýarlanylan «Saýatly» şöhlaty, «Sähra» ýaly büzmeçeler alyjylaryň uly isleginden peýdalanýar. Bu önümleriň hiliniň isleglere laýyk gelmegi ugrunda Türkmenabat şäherindäki «Lebapetönümleri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň zähmet adamlary yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Olar welaýatymyzyň ilatynyň saçaklarynda et we et önümleriniň bolçulygyny döretmäge mynasyp goşant goşýarlar. Geçen ýylda bu ýerde 60 tonna 580 kilogram et we et önümleri öndürildi. Şu ýyldaky maksat et we et önümleriniň mukdaryny 100 tonna ýetirmekden ybarat bolup durýar. * * *Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Hojambaz etrap geňeşiniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Siz mertebe, siz buýsanç hem guwanç siz, bagtyýar zamanaň gelin-gyzlary!» diýen at bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Watan gahrymanlaryna sönmejek şöhrat

Her ýylyň 9-njy maýynda bellenilýän Ýeňiş güni şu ýyl 76-njy gezek uludan baýram edildi. Bu sene ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde hem dürli baýramçylyk çäreleri bilen utgaşdy. Olarda parahatçylygyň, garaşsyzlygyň hatyrasyna döş geren ata-babalarymyzyň, mähriban topragymyzyň azatlygyny gorap saklan gerçek ýigitlerimiziň we tylda zähmet çeken ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň hatyrasy belentden tutuldy. Şeýle hem Ýeňiş güni mynasybetli guralan dabaraly çärelerde Watan ogullarynyň görkezen edermenlikleri barada buýsançly gürrüňler edildi. Watan üçin şirin janyny orta goýan il ogullary elmydama halkyň hakydasynda ýaşaýarlar. Söweşlerde batyrlygyň, merdanalygyň belent nusgasy bolan pederlerimiziň görkezen gahrymançylygy öçmejek şöhrata eýedir, olaryň sarpasyny saklamak we şöhratyny ebedileşdirmek bolsa mukaddes borjumyzdyr. Hut şu maksat bilen bu ýyl hem 9-njy maý güni Türkmenabat şäherindäki «Bitaraplyk» seýilgähinde oturdylan näbelli esgeriň ýadygärliginiň öňünde ildeşlerimiziň köpsanlysy ýygnandy. Agşamara 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli bu ýerdäki baky oda gül çemenlerini goýmaga gelenleriň yzy üzülmedi. Welaýatymyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýaşlaryň ýüzlerçesiniň uruşda wepat bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, baky od

Merjen paýtagtymyzyň waspy — dillerde sena

Hormatly Prezidentimiz tutuş halkymyza gözel paýtagtymyzyň şanly 140 ýyllyk toýuna giňden taýýarlyk görýän günlerimizde uly baýramçylyk sowgadyny — «Ak şäherim Aşgabat» atly ajaýyp kitabyny sowgat etdi. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabyny ele alyp, ýüzüne sylan ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny size ýetirmegi makul bildik. Dosmämmet Söýünow, Türkmenistanyň at gazanan artisti:

Baky bagtyň şäheri

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli senenamamyza altyn harplar bilen ýazyljak şanly seneler — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem-de paýtagtymyz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygy barha golaýlaşýar. Bu şanly seneler mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem medeni-köpçülikleýin çäreler yzygiderli guralýar. Golaýda welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Türkmenabadyň Baş Baýdak meýdançasynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlary, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary içinde paýtagtymyz Aşgabat düýpli täze binagärlik keşbine eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän her bir tutumly iş bolsa halkymyzyň abadan ýaşaýşyna gönükdirilendir. Şeýle-de çykyş edenler ýurdumyzda şähergurluşyk işlerine uly ähmiýet berýän milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Dabaranyň dowamy welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri Güljemal Taýlyýewa, Atajan Hojakulyýew, Babajan Hanmyradow, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri Pöwrize Gulamowa, Gülälek Şirowa dagynyň

Dünýä nur saçýar gözel Aşgabat

Berkarar döwletimiz hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gysga döwrüň içinde uly ösüşlere, belent sepgitlere ýetdi. Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli ägirt uly işleriniň, durmuşa geçirýän beýik maksatlarynyň, tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Ýurdumyzyň welaýatlarydyr etraplarynda, şeýle-de gözel paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berilýän ýaşaýyş-durmuş, önümçilik we dürli maksatly binalaryň sany günsaýyn artýar. Döwrümiziň beýik Binagäri, hormatly Prezidentimiziň bu başlangyçlaryna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hem ýokary baha berilýär. Bu gün gözel paýtagtymyzyň ajaýyp binagärligi, ak mermerli binalary, täsin desgalary Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi, Döwlet muzeýiniň öňündäki meýdançadaky Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň belent sütüni, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň binasy bu kitapda mynasyp orun aldy.

«Galkyp ganat gerdigim, sap söýgüden gurdugym ...»

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren düýpli özgertmeleriniň esasynda ýurdumyz ähli ugurlar boýunça batly depginlerde ösdürilýär. Eziz Diýarymyzda toýlar toýa, baýramlar baýramlara ulaşýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem ýurdumyz, halkymyz üçin ýatdan çykmajak wakalar bilen başlandy. Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 25-nji ýanwarynda paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça amala aşyran iş sapary mahaly mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň giňden baýram ediljekdigi barada aýdanlary halkymyzyň şatlygyny goşalandyrdy. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory diýen hormatly adyň eýesi, alym Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, ýadawsyz gözlegleri netijesinde türkmen paýtagty ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni merkezi hökmünde gysga döwrüň içinde täze bir keşbe girdi. Täze taryhy döwürde, sözüň doly manysynda, gurluşyk meýdançasyna öwrülen Aşgabadyň gözel binalary sanlyja ýylyň içinde lowurdap asmana galdy. Häzirki wagtda bolsa baş şäherimiz göýä açyk meýdanda gurlan sergi ýaly, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda, ylaýta-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçen şöhratly ýoluny, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýeten sepgitlerini özüniň gaýtalanmajak binagärlik keşbi, dünýä ülňülerine laýyk gelýän desgalary bilen aýdyň görkezýär. Gysga

Beýik işleriň waspy

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow: — Aşgabat suw çüwdürimleriniň, arassaçylygyň, aýdym-sazyň we söýginiň şäheridir!

Milli Liderimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 7-nji maýda geçirilen mejlisinde özüniň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyny tamamlandygyny aýtdy. Şol gün döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşen «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda Gurluşyk we senagat toplumynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň guramagynda milli Liderimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.