Işde hem durmuşda gymmatly gollanma

10 Maý 2021
768

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserinde myhmansöýerlik, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, ynsaplylyk, ýaşlary zähmetiň üsti bilen terbiýelemek ýaly türkmen halkyna mahsus asylly häsiýetleriň, däp-dessurlaryň, ýörelgeleriň birgideni açylyp görkezilýär. Asyrlar boýy gymmatyny ýitirmän gelýän bu aýratynlyklar ýaşlar üçin terbiýe mekdebidir. «Dünýäde köp zat özgerýär, ynsaplylyk welin, ynsanyň hakyky adamlygyny aýan edýän ýörelge hökmünde müdimi ýaşaýar. Ol edil daragtyň öz kökünden nem alşy ýaly, asmandan inýän ak ýagyş kimin, ýürekden gaýdýan päkize arzuwlar bolup ýaşaýar» diýip, Gahryman Arkadagymyz kitabyň «Ynsaplylyk» diýen bölüminde belleýär.

Her setiri çuň manyny özünde jemleýän eserde beýan edilýän hekaýatlar, rowaýatlar, tymsallar ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, olary ýokary ahlak sypatly adamlar edip kemala getirmekde nusgalyk ýörelge bolup hyzmat edýär. Biz hem çagalar bagynda guraýan çärelerimizde, sapaklarymyzda mähriban Arkadagymyzyň eserlerinden, şol sanda «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabyndan peýdalanýarys. Çünki mähriban Arkadagymyzyň çuň many-mazmuna ýugrulan her bir eseri işde-de, durmuşda-da gymmatly gollanmadyr.

Şirin WELIÝEW,
Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherindäki 9-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.