Resmi habarlar gysga setirlerde

10 Maý 2021
748

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmaga borçly edildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň ýolbaşçylary bellenildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de «Merkezi Aziýa — Hytaý» döwletleriniň daşary işler ministrleriniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary 2021-nji ýylyň 9 — 12-nji maýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde gulluk iş saparynda bolar.